Ýokary okuw jaýyny nähili saýlamaly?

84
thumbnail

Özüňize şu soragy bermek arkaly gözlegleriňize başlaň: ýokary okuw jaýyny saýlanymda haýsy faktorlar meniň üçin ähmiýetli?

Başgaça aýdanymyzda, okajak bölümiňizi iş mümkinçiliklerine görä ýa-da şol ugra bolan hyjuwyňyz, ýa-da sapagy okamana gaty islegiňiz barmy, hünäriň traýektoriýasyna baglymydyr,ýa-da siziň girdejiňizemi?

Haýsy bölümi saýlamaly?

Okamak isleýän bölümiňizi saýlan wagtyňyzda esasy iki ýagdaýy göze almaly: siz haýsy bölümi halaýaňyz we gelejekgi maksadyňyz näme? Saýlan bölümiňiz sizi maksadyňyza ýetirip bilermi?

Häzirki döwürde bu soraga şol bada jogap bermek aňsat däl. Siziň halaýan sapagyňyz taryh bolup biler we siz gowy girdejili hünär saýlamak isläp bilersiňiz. Emma iş babatynda seredeniňde taryh bölümini okan uçurymlar üçin ýokary tölegli iş pursatlary az bolup biler. Şu ýagdaýy göz öňünde tutup bilersiňiz.

Siziň okuw üçin aýyran býudjetiňiz nähili?

Býudjet ýagdaýy bölümiňiziň görnüşini saýlamakda wajyp hasaplanýar. Eger-de siz okaýan wagtyňyzda işleýän bolsaňyz, bu ýagdaýy saýlaw faktorlaryňyza goşmaly bolarsyňyz. Şol bir wagtda uniwersitetleriň ýa-da hususy taraplaryň hödürleýän stipendiýalaryndan hem peýdalanyp bilersiňiz. Okuw döwründäki çykdajylar ýokary okuw jaýynyň ýerleşýän ýurduna hem bagly.

Siziň geljekdäki maksadyňyz näme?

Siz öz telekeçilik işiňizi başladasyňyz gelýärmi? Onda siz işewürlik bölüminde okamaly. Siz rak keseline derman tapmak  ýa-da daş töweregiň hapalygy bilen söweşmek ýa-da bütindünýä azyk krizisy bilen söweşmek isleýärsiňizmi? Onda siz inženerçilik ýa-da ylmy ugurlar bilen bagly okasaňyz ýerlikli bolar. Adamyň psihologiýasyny öwrenmek isleýärsiňizmi? Siziň üçin ylym we çeperçilik pudagynda goşa derejeler peýdaly bolup biler.

Hünäriň hazirki wagtda iş ýagdaýlary nähili?

Saýlajak hünäriňiziň häzirki wagtdaky iş ýagdaýlaryny öwreniň. Ýokary okuw jaýyny tamamlanyňyzdan soňra, saýlan ugruňyzda iş tapyp biljegiňize doly göz ýetiriň. Saýlaýan bölümiňiz bilen bagly talap edilýän iş orunlaryna sanawyna serediň we siziň maksadyňyza gabat gelýändigini ýa-da gelmeýändigine karar beriň.

Siziň saýlan hünäriňiziň gelejegi nähili?

Iş mümkinçiliklerine görä käbir bölümler geljekde ýokary orun alyp bilýärler.Medisina bölüminiň ösmeginiň uly mümkinçilikleri bar. Praktika geçýän şepagat uýalary, anasteziologlar, lukmanlaryň kömekçileri hazirki wagtda az islenilýän wezipeler bolsa-da medisina pudagynda ýokary talap görýär.

Dünýäniň has tehnologik bolmagy öňümizdäki 10 ýylda IT-serjeliş işgärlerine, arhitektorlara we inženerlere has hem talap ýokarlanar. Şeýle hem hasapçylar, maliýe maslahatçylar öňümizdäki 30 ýylyň dowamynda yzygiderli talap ediler.

Bilim pudagy, medisina we wetirinariýa, edara hyzmatlary hem geljekde ösmäge dowam eder. Satuw, konsalting, töwekgelçiligiň dolandyrylyşy boýunça işler we inženerçilik ýaly iş ugurlary hemişe talapda bolýarlar. Saýlamak nobaty sizde saýlamaly.

Okajak bölümiňizi saýlamazdan ozal dogry seljermeleri we gözlegleri geçirmegiňizi  maslahat berýäris. Seslenmeleri we bahalary okamak siziň üçin peýdaly bolar.

Esasy, özüňiz üçin gyzykly we dogry pudagy saýlanyňyza doly göz ýetiriň. Size üstünlik arzuw edýäris!

Çeşme: https://scholarship-positions.com/what-university-course-should-i-do/2019/08/03/