Ugradyjy hatyň döredilişi (Cover letter)

24
thumbnail

Ugradyjy hat näme?

Ugradyjy işe alyjyny şahys bilen tanyşdyrýan hat bolmak bilen, onda siz öz wezipäňize we işlejek guramaňyza bolan höwesiňiz barada ýazmalysyňyz, şeýle hem esasy başarnyklaryňyzy we bu gurama goşup biljek goşantlaryňyzy belläp geçmelisiňiz. Ugradyjy hatyňyzda siziň rezýumeňiz hem bolmaly, we iş berijä maglumatlaryňyzy goýbermek isläniňizde bu hat rezýumeniň ýanynda onuň hekaýalaşdyrylan görnüşi hökmünde hyzmat etmeli. Ugradyjy hatyň ýazylmagy kän wagtyňyzy alýan hem bolsa ähmiýetli wezipäni ýerine ýetirýär.

Siziň ugradyjy hatyňyzda 2-3 ukybyňyzyň aragatnaşygy bellenip geçilmelidir, we olar iş ornunyň talaplaryna laýyk bolmaly. Siz gerekli talaplara laýykdygyňyzy geçmişiňizde alan tejribäňiziň üsti bilen görkezip bilersiňiz, we gelejekde bu ukyplaryňyzyň siziň işlemek isleýän guramaňyza ýardam edip biljek sebäplerini aýdyp bilersiňiz. Ugradyjy hat siziň gurama baradaky gyzyklanmaňyzdan hem habar bermelidir; näme sebäp bilen bu guramada işlemek isleýäniňiz we işe çyn höwesiňiz hatda beýan edilmedilidir .

Nämeden başlamaly?

Ugradyjy haty ýazyp başlamazdan ozal siz gurama barada maglumat edinmeli, wezipäni düşünýandigiňize göz ýetirmeli we özüňiziň bu wezipä taýynlygyňyza ynamly bolmaly. Guramanyň maksadyny öwrenmek size guramanyň medeniýetini, ähmiýetini we öňdeligini düşünmäne ýardam eder(siz çyndanam bu ýerde işlemek isleýändigiňize ynanmalysyňyz). Iş orny barada maglumat edineniňizde oňa gerekli ukyplara we talaplaryna anyk göz ýetirmelisiňiz.

Şeýlelikde siz aşakdaky bäş soraga jogap bermelisiňiz:

  • Iş berýän adam dalaşgärde näme gözleýär?
  • Iş berýän adama laýyk sizde nähili ukyp/tejribe/bilim bar?
  • Ýokarda aýdylan taraplardan siz näme mysal getirip bilersiňiz?
  • Bu guramanada näme üçin işlemek isleýäňiz?
  • Bu wezipe sizi näme üçin gyzyklandyrýar?

Bu düzgüni ýadyňyzda saklaň: näme üçin siz+ näme üçin olar=siz olara näme üçin gerek.

Format.

  • Ökde we başarnykly hatyň formady;
  • Bir sahypa 3-5 abzasdan ybarat bolmaly; şrifty we göneldilmesi CV/rezýüme bilen deň bolmaly;
  • Rezýumeňizde ulanan sözbäşyny ulanyň;
  • Hatyň başy:sene,iş berýän adamyň ady,habarlaşmak üçin maglumatlary(eger-de ýer az bolsa onda iş berýän adamyň adyny, habarlaşmak üçin maglumatlaryny aýyryň we senesini galdyryň);
  • Resmi salamlaşma ( Gadyrly… mümkin bolsa adamyň adyny ulanyp bilersiňiz). Eger-de adyny bilmeýän bolsaňyz “Gadyrly işe alýan guramaçy” diýip ýüzlenip bilersiňiz;
  • Hatyň soňy:resmi tassyklama, soňra siziň doly adyňyz;
  • Hemişe PDF fromatynda ibermeli.

Mazmun we düzgün.

Giriş:özüňizi tanadyň( meselem: Orta Ýewropa Uniwersitetiniň gender ylmy-barlag bölüminiň magistr derejesiniň uçurymy), haýsy wezipä tabşyrýaňyz(1-2  sözlem). Bu gurama öz höwesiňizi we bilimiňizi görkeziň(2-3 sözlem). Girişi gysga arza bilen gutaryň. Onda bu wezipä 2-3 laýyk ukyplaryňyzy bildiriň(meselem:”statistik analizy alyp baryş tejribäm zähmet çekmek bilen bagly kanunlar baradaky bilimim we inisiatiwa almak boýunça ukybym bilen birleşip, şu iş ornuna doly gabat gelýär”).

Esasy aýratynlyklar: olar siziň saýlan wezipäňize bagly 2-3 güýçli ukyplaryňyzdan ybarat bolmaly( käte olary bir paragrafda ýazyp bilersiňiz , käte bolsa aýratyn ýazyp bilersiňiz). Soňra her ukybyňyzy bir mysal bilen görkezmegi başaryň- işlän belli bir proýektiňiz, ýa-da ylmy-barlag işiňiz barada we öz ukyplaryňyzy nädip ulananyňyzy aýdyp beriň.

STAR usuly (ýagdaý, mesele,hereket, netije), ýa-da CAR usuly (mesele,hereket, netije) size netijeli mysallary döretmäge kömek eder. Mümkinçiligiňiz boýunça size gerekli wezipäni gazanmaga kömek edip biljek bir ukybyňyzy görkeziň( bu aragatnaşygy tapmak möhümdir). Siziň rezýumeňizi doly gaýtalamagyň geregi ýok, emma siz gysgaça onuň aýratyn böleklerini bildirip bilersiňiz.

Soňky abzas: kwalifikasiýaňyzy gysgaça ýazyň we wezipäňize/işi berýän adama höwesiňizi bildiriň. Size ýörite wagt aýyrany üçin minnetdarlyk bildiriň we işe höwesiňiz barada söhbetdeşlik geçmegi teklip ediň. Şeýle hem bu wezipe üçin siziň laýyklygyňyz barada gerekli  maglumaty bildiriň

Güýçli ugradyjy hatyň esaslary:

  • Işi berýän adamyň wezipesine gönükdirilen;
  • Siziň bu gurama laýyklygyňyz barada düşnükli subutnama;
  • Işi berýän adamyň gözleýän 2-3 ukybyna gönükdirilen;
  • Bu ukyplary aýratynlaşdyrmak üçin geçmişdäki belli tejribeleri barada ýazylan;
  • Işi berýän adama anyk düşünýändigiňi we ol barada habarlydygyňy aňladýan;
  • Wezipä we gurama hakyky höwesini görkezýär;
  • Gowy ýazylan(mysal hökmünde seredip bolýar);
  • Ökde äheň we ýeňil düzgüni bolmaly;
  • Rezýumeda ýazylan zatlara goşant goşýar, ony gaýtalanok.

Источник: https://scholarship-positions.com/how-to-write-the-best-cover-letter/2020/01/04/