Delillendiriş haty nädip ýazmaly?

50
thumbnail

Bakalawr we Magistr derejesini okamak üçin arzaňyzy goýbereniňizde dalaşgärlerden delillendiriş  haty (Motivational letter) talap edilýär (käte “maksatnama  arzasy ” diýilýär). Bu hatlar saýlaw wagtynda uly orun tutýar.Gynansakda, seçip alýan iş toparynyň her birini ynandyryp bolanok.
Üstünlikli delillendiriş hatyny nädip ýazmaly?

  1. Gysdanmaň, hem-de wagtyndan ir başlaň.Delillendiriş haty möhüm haty diýip hasaplanýär  şonuň üçin  ony bir agşamyň içinde ýazjak bolmaň.
  2. Delillendiriş hatyny siziň rezýumeňiziň gaýtalanmagyndan başlamaň.
  3. Delilendiriş haty indiki soraglara jogap bermeli:
  4. Siziň hünär maksadyňyz näme?Bakalawr/ Magistr derejesini okandan soňra haýsy bölümde işlemek isleýäňiz?
  5. Siz islendik hünäriňizi gazanandan soňra öz ýurduňyza jemgyýet, syýasy we tehniki tarapyndan nähili goşant goşup bilersiňiz? (Kitap we gazetlardan okap, ýa-da öz tejribäňizden esaslandyryp bilersiňiz. Käbir mysallar hem göze alynýar.)
  6. Saýlanan bakalwar/magistr programmasynyň sebäbi. Siziň saýlan programmaňyzyň haýsy bölümleri siziň maksadyňyza ýetmek üçin peýdaly bolup biler?(Siz olary gowy öwrenengize ynanmalysyňyz!)
  7. Siz bu programma özüňiziň näme üçin dogry gelýänini düşünýäňiz? Mundan öňki okuwyňyzda alan bilim we ukybyňyz nädip peýdaly bolup biler?Siz eýýam gerekli hünär tejribesini gazandyňyzmy?Bir guramanyň agzasy bolup tejribe gazandyňyzmy?(talyp birleşigi,syýasy topary, meýletinçilik we ş.m. Eger-de gatnaşan bolsaňyz siz gerekli tassyklamalary bermeli bolýaňyz). Siz şahsyýetiňizi nädip bahaladýaňyz? Siziň pikiriňiz boýunça, siz gowy lidermi? Siz bir ýagdaýy düzedip bilýäňizmi? Sizi bu pikire getiren näme?( Ökde taraplaryňyzy bildiriň, ýöne hakykatçyl boluň)
  8. Siz saýlan uniwersitetynyzda näme üçin okamak isleýäňiz?Uniwersitet okuwynyň ulgamy barada näme bilýäňiz? Siziň uniwersitetiňyzdan başga bilim ulgamyna garaşýaňyzmy?
  9. Siziň delillendiriş hatyňyz gowy düzülendigine ynanyň. Başdan ýokarda bildirilen hemme soraglar barada oýlanyň, bellik ediň,köprak okaň,tanyşlaryňyz bilen maslahat ediň,niýetleriňizi ýazyň, soňra bolsa ýazmagy başlaň.
  10. Ýazuwyň gerekli usulyny berjaý ediň:gerekmejek sözleri ulanmaň. Öz temaňyzy mazmunly we hakyky şekilinde ýazyň.Dünýägaraýşyňyz bilen agitasiýa etmäň.
  11. Tekstyňyzy okaň we gerekmejek böleglerini aýyryň. Siziň delillendiriş hatyňyz iki ýa-da üç sahypadan köp bolmaly däl. Grmmatikaňyza we dürs yazuwyňyza üns beriň.

Siziň delilendiriş hatyňyz söhbetdeşlik geçirilen wagtynda siziň bilen gürrüň ediler.

Çeşme: DAAD Nemes akademiki çalyşmalaryň işlemeleri http://ic.daad.de/imperia/md/content/islamabad/letter_of_motivation.pdf