Hytaý döwletiniň Nebit Uniwersiteti (CUPB)

Möhleti
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Hytaý döwletiniň Nebit Uniwersiteti (CUPB) daşary ýurtdaky zehinli okuwçylaryň bilim almagy üçin, geljekde  daşary ýurt okuwçylaryň biliminiň hilini, halkara täsirini döwrebaplaşdyrmak üçin açyldy.

Ugurlar(hünärler):

  1. Geobilimler koleji;
  2. Nebit inženeriýasynyň koleji;
  3. Himiki inženeriýasynyň koleji;
  4. Mehaniki inženeriýasynyň koleji;
  5. Biznes administrasiýasy okuwy.

Stipendiýanyň derejeleri:

Birinji derejeli

  • Okuw töleginden boş;
  • Ýaşaýyş jaýy berilýär(iki adamlyk otag);
  • Ýylda on aýyň içinde pul kömegi:

Bakalawr talyplaryna:aýda 1800 ýuan;
Magistratura talyplaryna:aýda 2000 ýuan;
Aspirantura talyplaryna: aýda 2500 ýuan;
Çalşyk talyplaryna: aýda 2000 ýuan.

  • Doly medisina ätiýäçlandyryş.

Ikinji derejeli

  • Okuw töleginden boş;
  • Ýaşaýyş jaýy berilýär(iki adamlyk otag);
  • Doly medisina ätiýäçlandyryş;
  • Stipendiýanyň derejesi aýlyk pul kömegini berilmeýär.

Üçinji derejeli

  • Okuw töleginden boş;
  • Doly medisina ätiýäçlandyryş;
  • Stipendiýanyň derejesi aýlyk pul kömegini we ýaşaýyş jaýyny berilmeýär.

Makullyk:

  1. Hytaý Döwletiniň raýaty däl, sagdyn, kanuny  bozmadyk;
  2. Bakalawr derejesi üçin GPA=3.0/5.0,magistratura derejesi üçin 85%;
  3. Hytaý dilinde okamak isleýän dalaşgärler hytaý dilini bilýäni barada tassyklaýan şahadatnamasy;
  4. Iňlis dili ene dili hasaplanmaýan, ýöne iňlis dilinde okamak isleýän dalaşgärler IELTS=6.5,TOEFL=80 derejesinde dil barada şahadatnama.(bakalawr we magistratura talyplary azyndan iki ýylyň içinde okan bolsa, okuw ýerinden tassyklanan sertifikatyny görkezip bilerler). Iňlis dili ene dili hasaplanýan, ýa-da iňlis dilinde gürleýän döwletde ýaşaýan dalaşgärler resminamalary ýükläp bilerler. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  1. Şahsy paspordynyň nusgasy;
  2. Umumy orta bilim baradaky şahadatnamanyň tassyklanan nusgasy;
  3. Arza;
  4. 2 hödurlenýän hat( iňlis we hytaý dilinde);
  5. Okuw proýekti ýa-da derňew teklip;
  6. TOEFL/IELTS ,ýa-da HSK;
  7. Daşary ýurt dalaşgäriniň saglygy barada lukmançylyk kepilnamasy;
  8. Çakylyk haty (Msc&  PhD);

Arzanyň resminamalary:

  • Şahsy paspordynyň nusgasy;
  • Bakalawr we magistratura diplomynyň tassyklanan (notariallaşdyrylan) nusgasy;
  • Jenaýat jogapkärçiligine çekilmedikligi hakynda şahadatnamasy;
  • Lukmançylyk kepilnamasy;
  • Okuw plany;
  • CV;
  • Hödürleýän hatlary(iki);
  • Çakylyk haty.

Resminamalary nädip tabşyrmaly?

Resminamalary şu sahypadan ugradyp bilersiňiz http://admission.cup.edu.cn/

Habarlaşmak üçin:
Hytaý Nebit Uniwersiteti, Halkara Bilimi Koleji, Çangping welaýaty (Pekin)
P.R. Hytaý 102249
Telefon: 010-89733796
Fax:010-89730622
Email: admission@cup.edu.cn