Hytaý döwlet stipendiýasy (talyp haky)

Möhleti
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Hytaý döwletiniň we daşary ýurt döwletleriň arasynda özara gatnaşyklaryň ösmegi üçin Hytaý döwleti daşary ýurt talyplary, mugallymlary we alymlary üçin birnäçe stipendiýa(talyp haklary) programmalaryny açdy we Hytaý döwletiniň Bilim Ministrligi tarapyndan tassyklandy. Häzirki zamanda Hytaý döwletiniň 279 bellenilen uniwersitetleri dürli akademiki programmalaryny hödürleýärler. Olar: inženerçilik, oba hojalyk, lukmançylyk, ykdysadyýet (ekonomika), hukuk , menejment, bilim, taryh, edebiýat, filosofiýa we çeperçilik ylymlary.

Stipendiýa (alyp haky) programmalary:

  • Iki taraplaýyn programma;
  • Hytaý Uniwersitetiniň programmasy;
  • “Ýüpek Ýoly” programmasy;
  • Şanhaý uniwersitetiniň aragatnaşyk programmasy.

Doly stipendiýa (talyp haky) barada:

Okuw tölegi  kabul eden uniwersiteti tarapyndan alynýar. Bu talybyň stipendiýasyny we administratiw töleglerini ýapyp biler. Eger-de uniwersitet talypdan umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamagyny talap edýän bolsa, talyba ýaşaýyş jaýyndan otag berilýär (iki adamlyk).  Eger-de uniwersitet talyba ýaşaýyş jaýyndan daşynda ýaşamaga pursat berýän bolsa, uniwersitet aýda bir gezek ýa-da üç aýdan bir gezek ýaşaýan ýerini tölap biler.

  • Bakalawr we magistratura talyplar üçin aýda 700 ýuan.

Stipendiýa:

Bakalawr: aýda 2500 ýuan;
Magistratura: aýda 3000 ýuan;
Aspirantura : aýda 3500 ýuan.

Okuwyň dowamynda talyplar stipendiýasyny her aýda alyp bilerler. Her aýyň 15-ne çenli registrasiýa edip ýetişen talyplar stipendiýasyny doly alyp bilerler, aýyň 15-den soň registrasiýa eden talyplar diňe stipendiýanyň ýarysyny alyp ýetişerler. Uçurymlar okuwy gutaran aýynyň indiki aýyna çenli stipendiýany alyp bilerler.

  • Bölümli stipendiýa doly stipendiýalaryň bir bölegini tutup biler.

Elýeterli ugurlar (hünärler):

Hödürlenilýän kurslaryň ählisi Hytaý Nebit uniwersitetinde (Pekin)

  • Ikitaraplaýyn programma;
  • Uniwesitetiň “Guşaklyk  we Ýol” programmasy
  • Hytaý uniwersitetiniň programmasy;
  • Şanhaý uniwersitetiniň aragatnaşyk programmasy

Makullyk

  • Hytaý döwletiniň raýaty däl, sagdyn, jenaýat jogapkärçiligine çekilmedik;
  • Bakalawr programmasyny okamak isleýän dalaşgärleriň orta bilimi bolmaly we 25 ýaşdan kiçi bolmaly;
  • Magistratura programmasyna tabşyrýan dalaşgärler bakalawr derejesi bolmaly we 35 ýaşdan kiçi bolmaly;
  • Aspirantura programmasynda okamak isleýän dalaşgärler magistr derejesi bolmaly we 40 ýaşdan kiçi bolmaly.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  1. Arza (hytaý ýa-da iňlis dilinde)
  2. Umumy orta bilim baradaky şahadatnamanyň tassyklanan nusgasy. Geljekde şahadatnamany alýan dalaşgärler bilim edarasyndan tassyklanan resminama tabşyryp bilerler. Hytaý we iňlis dilinde bolmadyk resminamalar notariallaşdyran (tassyklanan) terjime bilen goşulyp biler.
  3. Okuw proýekti ýa-da derňew teklip (hytaý ýa-da iňlis dilinde);
  4. Şahsy paspordynyň nusgasy;
  5. 2 sany hödürlenýän hat ( iňlis we hytaý dilinde);
  6. TOEFL/IELTS ýa-da HSK;
  7. Daşary ýurt dalaşgäriniň saglygy baradaky lukmançylyk kepilnamasy;
  8. Çakylyk haty (Msc&  PhD);

Arzanyň resminamalary:

  • Şahsy paspordynyň nusgasy;
  • Bakalawr we magistratura diplomynyň notariallaşdyrylan nusgasy;
  • Jenaýat jogapkärçiligine çekilmedikligi hakynda şahadatnamasy;
  • Saglyk kepilnamasy;
  • Okuw plany;
  • CV;
  • Hödürlenýän hatlary (iki);
  • Çakylyk haty.

Resminamalary nädip tabşyrmaly?

  1. www.csc.edu.cn/laihua or www.campuschina.org,
    sahypasyna geçip, “Onlaýn arza” sahypasyna girip sistema girip bilersiňiz. Edaranyň nomery 11414.
  2. Dalaşgärler birinji gezek girmezinden öň registrasiýa etmeli.
    Habarlaşmak üçin
    Hytaý Nebit Uniwersiteti, Halkara Bilimi Koleji, Çangping welaýaty (Pekin)
    P.R. Hytaý 102249
    Telefon: 010-89733796
    Fax:010-89730622
    Email: admission@cup.edu.cn