“Petronas” Tehnologik Uniwersiteti (Malaziýa)
“Petronas Çarygaly (Türkmenistan)” kompaniýasy “Petronas” Tehnologik Uniwersitetine dalaşgärleri okuwa kabul edýär (Malaziýa).
Ugurlar (hünärler)
- Maşyn gurluşygyň tehnologiýasy;
- Himiki maşyn gurlyşygy;
- Nebit-gaz almaklygyň tehnologiýasy;
- Elektrika we elektronika;
- Geologiýa we geofizika;
Resminamalar kabul edilende has dahylly kriteriýalar:
- Dalaşgärler 17-23 ýaşynda bolmaly;
- Maşgala ýagdaýy: öýlenmedik, durmuşa çykmadyk;
- Iňlis dilini azyndan IELTS 5.0 derejesinde we TOEFL PBT azyndan 500, TOEFL PDT 59 bal derejesinde bilmeli;
- Bilim şahadatnamasynda matematika, himiýa, fizika we ýene-de inžener bilimine degişli iki sapakdan gowy ýa-da örän gowy bahalary bolmaly;
- Aktiw we güýçli lider häsiýeti bilen tapawutlanmak möhüm.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- Bellenilen nusgadaky sowalnama(anketa) (скачать анкету);
- Şahsy paspordynyň nusgasy( içeri we daşary ýurt paspordy);
- Umumy orta bilim baradaky şahadatnamanyň nusgasy;
- 11-nji klas okuwçylary üçin soňky iki çärýegiň bahalarynyň tassyklanan tabeli;
- TOEFL/IELTS ballaryny tassyklaýan şahadatnama;
- 3,5×5 sm ölçegdäki 9 sany surat (gök arka planynda);
- Dalaşgäriň täzelenen häsiýetnamasy;
- Başga-da artykmaç şahadatnamalar we bile iberilýän resminamalar.
Resminamalary nädip tabşyrmaly?
Hemme gerekli resminamalar iňlis diline terjime edilmeli. Kagyz we diskda elektron görnüşde bolmaly.
Resminamalar 10-njy Aprela çenli “Petronas Çarygaly (Türkmenistan)” kompaniýasynyň edarasynda şu salgy boýunça kabul edilýär: şäher Aşgabat,744027, köç. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy, 81 (blok B).
Bellenilen talaplara dogry gelýän dalaşgärler indiki synaglara we söhbetdeşlige çagyrylýalar.
Habarlaşmak üçin: +99312398000