“Ýüpek ýol” stipendiýasy (talyp haky). Hytaý döwletiniň Çžeszan ylmy we tehnologiýa uniwersitetiniň (ZUST) stipendiýasy (talyp haky).

Möhleti
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Daşary ýurtlaryň zehinli talyplaryny maliýeleşdirmek üçin “Silk and Road”  başlangyjynyň çäginde Çžeszan ylmy we tehnologiýa uniwersitetinde (ZUST) bilim almak üçin biz Hytaý döwletiniň “Ýüpek ýoly” stipendiýasyny bakalawr derejesinde bilim almaga hödürleýäris.

Stipendiýa

  1. Okuw;
  2. Tölegiz umumy ýaşaýyş jaýy ( iki adamlyk otag);
  3. Her aýda ýaşamak üçin 2500 ýuan (363$) gollanma;
  4. Daşary ýurt talyplar üçin doly medisina ätiýaçlandyryş;

Bellik: stipendiýa talyba 4 ýyl okamak üçin berilýär. Dalaşgärler her ýyl ýetişik we terbiýe bahalaryny alýar, eger-de bahalar ýeterli bolmasa, dalaşgäre stipendiýa berilmeýär.

Ugurlar (hünärler)

  1. Raýat gurluşygy;
  2. Halkara ykdysadyýet we dolandyryş;
  3. Halkara marketing;
  4. Kompýuter ylmy we tehnologiýa;
  5. Argatnaşygyň çeperçiligi;
  6. Informatika we hasaplaýyş ylmy;
  7. Azyk ylmy we tehnologiýasy;
  8. Amaly fizika;
  9. Sanly media;
  10. Ölçegiň tehnologiýasy we barlag (Robort Tehnology).

Makullyk

  1. Hytaý Döwletiniň raýaty däl, sagdyn, “One Belt-one Road” döwletleriň biriniň raýaty;
  2. Umumy orta bilim baradaky şahadatnamasy;
  3. 18-40 ýaşa çenli;
  4. Orta okuwda örän oňat bahalar;
  5. Dili bilmek hakynda şahadatnama.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  1. Şahsy paspordynyň nusgasy
  2. Umumy orta bilim baradaky şahadatnamanyň nusgasy;
  3. Orta bilim tabeliniň nusgasy;
  4. 2 hödurlenýän hat ( iňlis we hytaý dilinde);
  5. Okuw proýekti, ýa-da derňew teklip (iňlis,ýa-da hytaý dilinde, azyndan 200 söz);
  6. Daşary ýurt dalaşgäriň saglygy barada lukmançylyk kepilnamasy.

Resminamalary nädip tabşyrmaly?

  1. Şu salgy boýunça onlaýn arza doldurmaly http://studyinchina.csc.edu.cn, programmanyň görnüşi B. Hytaý döwletiniň stipendiýasy üçin arzanyň blankynysy dolduryp gol çekilen we çap edilen bolmaly;
  2. Şu salgy boýunça registrasiýa etmeli http://isam.zust.edu.cn/, onlaýn arzany doldurmaly, agenstwo № 11057.
  3. Talyplary kabul ediş halkara býurosyna resminamalary iberip bilersiňiz. Çžeszan ylmy we tehnologiýa Uniwersitetiniň (ZUST) (411, kitaphananyň günbatar tarapyndan) ýa-da resminamalary elektron görnüşde ugradyp bilersiňiz.

Bellik: arzanyň resminamalary yzyna berilmeýär. Hytaý ýa-da iňlis dilinde bolmadyk şahadatnamalar hytaý we iňlis diline kanuny notarius döwlet edarasynda terjime edilmeli.

Habarlaşmak üçin:
Telefon: +86-571-85070141 ; +86-571-85070080
Elektron salgymyz:
San: sunlan0129@126.com
Serena: taojianzust@126.com
Kelsi: internationaloffice@126.com
Demi: internationalstudy@163.com