Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň stipendiýalary.

Möhleti
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň  bilim we sport ministrligi daşary ýurt talyplaryna olaryň akademiki bahalaryna esaslanyp stipendiýalary hödürleýär.

Stipendiýa

Doly stipendiýa:
Okuw tölegi+ umumy ýaşaýyş jaýynyň tölegi+ aýlyk pul kömegi (200 $ * 12 aý) + stasionar kömegi ( 120 türk lirasy/ýarymýyllyk)
Bölek stipendiýa:
Aýlyk pul kömegi (200 $ * 12 aý) + stasionar kömegi ( 120 türk lirasy/ýarymýyllyk)

Kriteriýalary

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň  uniwersitetlerine bakalawr we magistratura derejelerine okuwa kabul edilen, ýa-da okaýan talyplar arza iberip bilerler. Arzalar her ýarymýyllygyň başynda sentýabr we fewral aýlarynda kabul edilýär.

Resminamalaryň sanawy:

• Arza (doldurylyn we gol çekilen);
• 2 surat;
• Şahsy paspordyň nusgasy;
• Bakalawr derejesiniň talyplary üçin bilim şahadatnamasy;
• Aspirantlar üçin: bilim derejeleriň nusgalary ýa-da diplomlary, hem-de türk ýa-da iňlis diline tassyklanan terjimeleri.