Kipr Respublikasynyň Halkara Uniwersiteti

Möhleti
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Kipr Respublikasynyň Halkara Uniwersitetinde magistrlar we aspirantlar üçin stipendiýa bilen okamak üçin mümkinçilik berýär. Azyndan 3,00 (CGPA) ortaça baha bilen  okuwyny tamamlan aspirantlar stipendiýany gazanmak üçin resminamalaryny iberip bilerler. Akademiki üstünliklerine görä, stipendiýa komiteti dalaşgärlere 50% mukdara çenli okuw stipendiýasyny hödürläp biler.

Arzanladyş:

Ýaşaýyş ýeri üçin sypaýylyk programmasy;
Kampusda bir ýyldan köp galmak isleýän talyplara, ýaşaýyş ýeriniň tölegi boýunça indiki arzanladyşlarlar elýeter bolar:
2-nji ýyl ýaşaýanlar üçin 15% arzanladyş;
3-nji ýyl ýaşaýanlar üçin 20% arzanladyş;
4-nji ýyl ýaşaýanlar üçin 25% arzanladyş;
5-nji ýyl ýaşaýanlar üçin 30% arzanladyş.

Resminamalaryň sanawy:

• Bakalawr derejesiniň diplomy;
• Her akademiki ýylyň bahalary;
• Iňlis dilini tassyklaýan şahadatnamalar: TOEFL (6.5 IBT) ýa-da IELTS (5.5). Bu şahadatnamalryny hödürläp bilmeýän talyplar iňlis dili boýunça CIU synagyny geçmeli bolarlar.
• Şahsy paspordynyň we dogluş hakynda şahadatnamasynyň skany ;
• CV
• CIU-nyň düzgünleri we orunlary barada doly doldurylan we gol çekilen resminamasy ( onlaýn resminamar bilen bile ýüklenip biler)

Resminamalary nädip tabşyrmaly?

Arzany onlaýn ýükläp bilersiňiz https://srs.ciu.edu.tr/srs/register