AAUW Amerikan uniwersitetleriň birleşigi bilen döredilen ABŞ-da okaýan aýallar üçin halkara stipendiýalary.

Möhleti
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

AAUW halkara stipendiýasy 1917 ýylda döredildi.Bu programma ABŞ-nyň raýaty bolmaýan we ABŞ-da okaýan aýallara goldaw bermek üçin döredilen.
Magistr/birinji professional derejesi: $ 18 000
Doktor derejesi: $20 000
Doktorantura: $30 000 .

Kriteriýalary

• ABŞ döwletinden başga raýatlyk bolmaly;
• 15-nji noýabra çenli ABŞ-nyň bakalawr derejesine deňleşdirilen alym derejesi bolmaly;
• Hödürlenen okuw planyna özüni doly bagyşlamak maksatnamasy bolan;
• Okuwy bitirenden soň öz döwletine gidip işlemäge maksatnamasy bolan;
• Bakalawr derejesi iňlis dilinde geçmeli we TOEFL/IELTS şahadatnalary bolmaly;
• Magistr derejesini okan we doktorlyk derejesini okamak isleýän dalaşgärler akreditasiýa geçen bilim edarasyna 15-nji noýabra çenli arza goýbermeli we arzada edaranyň adyny ýazmaly;
• Magistr we birinji professional derejesini okamak isleýän dalaşgärler J.D., M.F.A., L.L.M., M.Arch magistratura ýa-da professional programmalaryna tabşyryp bilerler. Lukmançylyk ugurlary üçin bolsa M.D.,D.D.S. we ş.m.
• Doktor stipendiýalary PhD ýaly doktor derejelerinde okamak üçin hödürlenilýär;
• Postdoktorlar özüniň derejelerini tassyklamaly , alym derejesi bilen dogry gelýän doktor derejesi bomaly (meselem, filosofiýa doktor derejesi) ýa-da filosofiýa ugrundan magistr derejesi (15.11.19-a çenli), we barlagyny nirde geçjegini bildirmeli;

• Magistrlar birinji professional derejesini we doktor derejesini okamak isleýän dalaşgärler ABŞ döwletiniň akreditasiýa geçen bilim edaralarynyň birine kabul edilmeli;
• Dalaşgärler doly okuw we barlag ýylyny bilim alýan ýerinde ýaşamaly. Halkara stipendiýasy doly däl okuw ýylynyň tölegini geçip bilmeýär. Okuw ýylynyň aprel aýyndan öň gutarýan programmalar hasaba alynmaýar;
• Magistr ,birinji professional derejesiniň we doktor derejesiniň programmalary hünär mekdebiniň we uniwersitetiniň düzgünini saklaýar.

Resminamalary nädip tabşyrmaly?

Gatnaşmak isleýänler internet arkaly şu sahypa boýunça registrasiýa edip bilerler: https://aim.applyists.net/Account/LogOn?ReturnUrl=%2fAAUW