Fulbraýt maksatnamasy boýunça magistr derejesi

Fulbraýt adyndaky maksatnamanyň stipendiýasy Türkmenistanyň ýaş hünärmenlerine magistr derejesini almak üçin ABŞ-na bir ýa-da iki ýyllyk okuwa gitmäge mümkinçilik berýär. Saýlan ugryňyza baglylykda, maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk ugryndan başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär. ABŞ-da ozal okamadyk dalaşgärler artykmaç hukuklardan peýdalanýarlar.
Kriteriýalary
- Ýokary okuw jaýyny tamamlandygy barada diplom we şonuň ýany bilen berilýän transkript;
- СV ýa-da rezýume;
- Ýokary okuw jaýyny tamamlanyndan soň, azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly;
- 3 sany hödürnamalar (resminama bilen bilelikde tabşyrylmaly);
- Iňlis dilini ýokary derejede bilmek;
- TOEFL/GRE/GMAT synaglarynyň bahalary (bar bolsa).
Gatnaşyjylaryň saýlanylşy:
- 15-nji maýa çenli: ähli gerekli dokumentleri bilen doldrylan resminamany tabşyrmaly;
- Maý aýynyň ikinji ýarym aýy: ABŞ-nyň Ilçihanasy resminamalary barlaýar. Bu tapgyrdan geçen dalaşgärlere elektron poçta arkaly habar berilýär we olar söhbetdeşlige çagyrylýar;
- Iýun aýynyň birinji ýarym aýy: çagyrylan dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçirilýär;
- Sentýabr-oktýabr aralygy: ABŞ-nyň Ilçihanasy söhbetdeşlik tapgyryndan geçen dalaşgärleri TOEFL, GRE/GMAT synaglaryna registrasiýa edýär. Fulbraýt maksatnamasy synaglaryň tölegini özi geçirýär.
- Oktýabr: ähli tapgyrlardan geçen dalaşgärleriň sanawy Waşington şäherindäki Fulbraýt maksatnamasynyň komiteti tarapyndan gutarnykly netije üçin seredilýär.
Goşmaça maglumat:
TOEFL/GRE/GMAT synaglary barada goşmaça maglumatlary şu websahypalardan görüp bilersiňiz:
Ähli dalaşgärlere TOEFL/GRE/GMAT synaglaryna synag geçirilýän wagtyndan has öňden taýýarlyk görmegiňizi maslahat berýäris. Sebäbi bu synaglaryň bahalary uniwersitetler üçin wajyp ähmiýeti bardyr.
Bu maksatnama boýunça goşmaça soraglaryňyz bar bolsa, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine AshgabatEducation@state.gov elektron salgysy ýa-da (+99312) 47 35 03 (goşmaça 231) telefon arkaly ýüz tutup bilersiňiz.
Resminamalar 2020-nji ýylyň 15-nji maýyna çenli kabul edilýär.