CV we rezýume. Mazmunyň düzgünleri.

57
thumbnail

Belleme. CV we rezýume nämedir?

CV- ähmiýetli resminama diýip hasaplanýar (2-3 sahypadan ybarat). Onda siziň üstünlikleriňiz barada ýazylýar. Siziň bilimiňiz, akademiki ýetişigiňiz, baýraklaryňyz, ylmy-gözleg tejribäňiz,  çap edilen işleriňiz, agzalyk işiňiz we şuňa meňzeş başgada kwalifikasiýalaryňyz barada ýazylýar. CV dürli wezipelerde üýtgeýär, emma bu ütýgeşikler ugradyjy hatda bildirilýär. CV ylmy-barlagy üçin degişli bolup bilse-de, esasy akademiki goşmaçalar bilen ugradylýar.

Rezýume-1-2 sahypadan ybarat bolan gysga resminama. Rezýumeniň mazmuny işiň talaplaryna laýyk bolmaly. Rezýume adatça işe kabul edilmek üçin arza berilende ulanylýar. Gysgaça aýdanyňda, CV siziň hünäriňiz barada doly aýdyp berýär, emma rezýume siziň ukyplaryňyzy we üstünlikleriňizi gysgaça suratlandyrýanlygy bilen tapawutlanýar.

Üç bölümden ybarat.
 CV/rezýumeňiziň maglumatyny üç bölüme bölup bolar: bilim, tejribe we goşmaça maglumat.

Bölüm: Bilim

Ýyllyk işi: belli bir ýyllyk işinizi siziň CV/rezýumeňizde bildirseňiz, siziň üçin belli bir guramada we wezipede tapawutlanmaga kömek edip biler. Emma olaryň sany çäkli bolmalydyr. Wezipä we işi berýän adama görä haýsy barada ýazmak isleýändigiňize karar beriň. Olaryň setiri 1-2-den köp bolmaly däl (işi berýän adamlar ondan köp okamaýalar).

GPA: käbir talyplar akademiki ýetişigini görkezmek üçin ortaça bahalaryny bildirmägi halaýalar. Bu hemişe talap edilmeýär, emma käbir guramalarda ortaça GPA bahasyny soraýalar. Eger-de siz ortaça baha barada bildirseňiz, işi berýän adam sizden onuň şahadatnamasyny talap edip biler. Ýokary bilim mekdepleriň hemmesiniň baha düzgünleri birmeňzeş bolmaýar.

Seneler: ýokary okuw mekdebini haýsy senede gutaranlygyňyz barada bildirmekligi size maslahat berýäris (uçurymyň aýy we ýyly). Dowam edýän okuwyňyzy bildirmek üçin “ aýy we ýyly (garaşylýar)” diýip bilersiňiz.

Daşary ýurtda bir ýyl ýaşaýyş we okuw syýahatlary: talyplar daşary ýurtda geçiren ýarym ýyllyklaryny we okuw syýahatlaryny daşary ýurtda okan derejesiniň aşagynda bildirýärler. Käte talyplar goşmaça “Bilim” bölüminde ünsi çekmek üçin ýazýarlar. Biz size aýratyn bölümi ýazmagy diňe okuw derejesini gazanan wagtyňyzda we şahadatnama alanyňyzda bildirmek maslahat berýäris. Käbir talyplar daşary ýurtda okan bir ýylyny okan ýurdunyň dilini bilýändigi barada ýazmak üçin goşýarlar. Talyplar okan mekdebi hakynda aýratyn bilim belgisi edip “Goşmaça maglumat” bölüminiň “Daşary ýurtda okuw” aýratyn  bildirip bilerler.

Baýraklaryň sanawy: stipendiýalaryň sanawlaryny ýazmak mümkinçiligine laýyk bilim edarasynyň aşagynda bildirip bilersiňiz, olaryň doly atlaryny we senelerini bildirmeli bolýarsyňyz. Bu okaýan adama alnan stipendiýanyň we bilim mekdebiniň aragatnaşygyny düşünmäge kömek edip biler. Baýragyň puluny bildirmek size maslahat bermeýäris.

Bir uniwersitetiň iki derejesi: uniwersitetiň adyny iki gezek gaýtalamaň. Onuň ýerine iki derejäni bir sözbaşynyň aşagynda gaýdyşyn hronologiki düzgünleri we seneleri bilen ýazyň.

Orta mekdebi:CV/rezýumeňize orta okuwyny ýazmak size maslahat bermeýäris, emma käte belli bir orta mekdebini gutaran talyplar (meselem United World College) olar bildirmek isleýäler.

Bölüm: Tejribe

Näme üçin biz bu bölümi “Hünärmen Tejribe” däl, ýönekeý “Tejribe” diýip atlandyrýarys? Käbir işi gözleýän adamlar ukyplaryny tölegsiz tejribede gazanyp bilerler, meselem talyp toparlarynda ýer tutup bilerler. Bu tejribäni CV/rezýumeňizde ýazyň.

Netijeli bölümleriň dörelişi: siziň mümkinçiligiňiziň bilimlerini bildiriň we gurama getirip biljek peýdaňyz hakynd ýazyň. Belli bir maksadyňyzy bildiriň. Üstünlikleriňizi we netijeleriňizi ýadyňyza salyň. Birinji bölegiňiz siziň güýçli üstünlikleriňiz we ukyplaryňyz barada bolmaly.

Sanawyň mazmuny: Her bölekde iş we stažirowka gerekli kwalifikasiýaňyzy şekillendirip bilýän ukyplaryňyz, häsiýetnamalaryňyz we üstünlikleriňiz barada ýazylmaly.

Bölekleriň sanawy: tejribeleriňizi ýazmak üçin belli bir sanawy ýok. Siziň hünär ösüşiňize esaslanyp tejribeleriňiziň sanawyny, ähmiýetini we dowamyny görkezmeli, şeýle hem akyla laýyk bolmalydyr.

Bir işi berýän adamyň birnäçe wezipeleriň sanawy: eger-de ýerleşýän ýeri üýtgemedik bolsa, bir guramanyň adyny birnäçe gezek gaýtalamaň. Onuň deregine birnäçe wezipeleri bir sözbaşynyň aşagynda gaýdyşyn hronologiki düzgünleri we seneleri bilen ýazyň.

Bölüm: Goşmaça maglumat

Bu bölüminiň ulanylyş ugurlary: CV/rezýumeňizde aýratyn ýer aýyrmaly diýip hasap edýän maglumatyňyzy bellik ediň. Okaýan adamlaryň ünsi çeker ýaly ýarym gara şriftyny ulanyň. Bu bölüme dil we tehniki taýdan bilimlerleriňiz, okuwyň daşynda gatnaşan çäreleriňiz, syýasy işleriňiz hakynda ýazylýar. Belli bir üstünlikleri mysal hökmünde goşmaly.

Dil bilimi:dili bilýän hakynda derejäňizi artdyrmaň. Dili bilýän derejäňizi bildirmek üçin gerekli görnüşler: ene dili, ýeňil, ösen, orta we başlangyç. Daşary ýurt dilini bilýän bolsaňyz ony nähili derejede bilýänligiňizi ýazmak gerekdir.

IT ulanmagyň ukyplary. Häzirki zamanda işi berýän adamlar IT ulanylyşyna aýratyn üns berýärler we halkara uniwersitetlerinde okan aspirantura derejeli uçurumlardan MS Office programmasyny gowy ulanýandyklaryny garaşýalar. MS Office programmasyny ulanyp bilýändigiňiz barada ýazmagyň deregine başga IT degişli programmalaryny bildirip bilersiňiz, meselem Excel.

Höwesler we liderçylyk: siziň islegiňiz boýunça bu bölümde sizi söhbetdeşlige getirip biljek belli bir häsiýetiňiz barada aýdyp bilersiňiz.

Şahsy maglumat: raýatlyk, doglan ýeri we senesi, baga-da size degişli şahsy maglumatlary bu bölümi arza ýazan ýeriňizde ulanyp bilersiňiz.

Goşmaça bölümler

Göçürme/hünärmen mesele: käbir talyplar näme gözlediklerini we näme hödürledýändiklerini işi berýän adama düşündirmek üçin göçürme/hünärmen meseleleri ýazýarlar. Köp ýyllyk tejribeli adamlar üçin bu peýdaly eser bolup biler, emma käte muny az tejribeli hünärmeler hem edip bilýäler. Bu Üçünji ýüz tarapyndan berlen gysgaça bellikler(50-75 sözden köp däl) we iş gözleýän adam ukyp we bilim tarapynda näme hödürläp biljegi barada ýazylýar. Bu bölüm  CV/rezýumede birinji bolmaly.

Ukyplaryň maglumatlary:Käte talyplar rezýumelerine esasy ukyplaryny ýazýarlar. Belli bir gerekli tehniki bilimleriň barada ýazmak üçin bu aýratyn peýdaly bolýar, mysal boýunça, Excel bilimleri. Eger “Goşmaça ukyplar ” bölümini goşmak isleseňiz birinji ýa-da ikinji setirde ýer tutmalydyr.

Laýyk/goşmaça tejribe: Käte talyplar tejribe bölümini 2 bölmek isleýäler:”Laýyk bölüm” we “Goşmaça bölüm”. Dürli hünärmen tejribeli adamlar öz wezipelerini aýratynlaşdyrmak üçin öz bilimlerini görkezmek mümkinçiligini ýitirmejek bolup edýäler.

CV/rezýumeni goýbermek üçin maslahatlar

CV/rezýumeňizi işe girmek üçin arza goýberen wagtyňyzda PDFformatynda goýberiň. Eger-de gurama sizden Word formatynda ugratmagy talap edýän bolsa, ony ugratmaly şekilinde ýükläň.

Atlandyrma düzgünleri: geljekde siziň faýlyňyzy görmek üçin ony ýeňil atlandyryň. Faýlyň ady siziň familiýaňyzdan we “rezýume” ýa-da “CV” sözünden ybarat bolmaly, gurama ýa-da wezipä laýyk gelmeli we senesi bilen bildirilmeli. Käte adamlar atlaryny hem goşýarlar.

Maslahat berilýän atlandyrma düzgünleri: Familiýa_At_Rezýume, ýa-da CV_Edara ýa-da Wezipe_Sene.