CV/rezýume. Formatyň düzgünleri

36
thumbnail

Format edilýän düzgünler rezýume we CV üçin bir.

Nusga: tekst resminamalaryň açylyşy, CEU rezýume üçin maslahat edilen nusga we CV CEU nusgalary format etmek üçin gerekli talaplary ýerine ýetirmek üçin ýeňil nusga hasazp edilýär.

Ölçeg:1-2 sahypa. Siziň işe girmek maksadyňyza we iş tejribäňize bagly. Bir sahypaly rezýume/CV siziň ukyplaryňyzy düşündirmek üçin ýeterli bolar.

Gaýdyşyn hronologiki düzgünleri: Rezýume/CV ýazan wagtyňyzda size gaýdyşyn hronologiki düzgünlerini ulanmak maslahat berýäris. Emma işi berýän adam sizden dogry hronologiki düzgünlerini talap edýän bolsa, siz onuň talaplaryny ýerine ýetirmeli bolýarsyňyz (esasan Nemes dilli ýurtlarda bolup biler).

Şrift: sahypanyň sözbaşy üçin Times New Roman 12 ýa-da 14, 11 ýa-da 12 esasy tekst üçin.

Çäk: 1-2,5 sm. Ýokarky we aşakgy çäkler, şeýle hem sag we çep tarapdakylar dogry gelmeli.

Sahypanyň sözbaşy:adyň sag deňleşdirmesi bilen 3 setir (şrift 14), salgylar, habarlaşmak üçin maglumatlar we milleti (şrift 10).

Punktuasiýa: hemme setirleriň soňuna goýulmaýar.

Aralyk: bölümleriň sözbaşyndan öň we soň hemişelik aralyk, ölçegi minimum 6. Siz aralygy rezýume we CV esaslanyp özüňiz üýtgedip bilersiňiz.

Gyýajygyň (kursiwiň) ulanylyşy: diňe wezipeleri we ylmy derejeleri bildirmek üçin ulanylýar, iňlis dilinden başga dilde ulanylan sözler ýazylanda we çap edilen işi ýazanyňyzda ulanylýar.

Bölümleriň baş sözi: çep tarapa düzgünlenen, gara, kiçi harplar.

Bölümler:üç bölümler: “Bilim”, “Tejribe”, “Goşmaça bölüm” ýa-da 4 bölüm: “Bilim”, “Laýyk tejribe”, “Başga tejribe”, “Goşmaça bölüm”.

Rezýume laýyk bolýan format etmek üçin maslahatlar

“Bilim” bölümi: Gaýdyşyn hronologiki düzgüninde ýazylan ýokary bilim mekdebiniň ady, gara 2 setir.

Ýokarky setir: Çep tarap düzgüninde bilim mekdebi, sagtarap düzgünde ýerleşýän ýeri.

Okuwyň bitirme wagtynyň senesini bildirmeli: aýy, ýyly.

“Tejribe” bölümi: işi berýän adamlar we wezipeleri gaýdyşyn hronologiki düzgüninde ýazylmaly, gara 2 setir.

Ýokarky setir: Çep tarap düzgüninde bilim mekdebi, sagtarap düzgünde ýerleşýän ýeri.

Aşaky setir: wezipäniň ady – çep tarap düzgüninde, gyýajyk (kursiw) bilen seneler-sag tarap düzgünde ýazylmaly.

Seneler aralyk şekilinde ýazylmaly: aý, ýyl-aý, ýyl.

“Bilim we tejribe” bölümi: Çep tarap düzgüninde, durnukly yza çekiliş.

“Goşmaça maglumat” bölümi: bölüm aşaklary gara bilen aýratynlaşan, çep tarap düzgüninde.

CV üçin format etmek boýunça maslahatlar

Tablisa: iki sütünlerden ybarat tablisa düzüň (çäkleri görünmeli dal):

  • Her başsöz (Bilim, tejribe, goşmaça maglumat, ýa-da Bilim, Laýyk tejribe, Başga Tejribe, Goşmaça maglumat);
  • Her akademik edara we işi berýän adam;
  • Bölümiň mazmuny “goşmaça maglumat”.

“Bilim” bölümi: Gaýdyşyn hronologiki düzgüninde ýazylan ýokary bilim mekdebiniň ady, gara üç setir.

Ýokarky setir: çep tarap düzgüninde 1-nji sütünde – derejeleri gazanmak üçin bilim mekdebi-çep tarap düzgüninde 2-nji sütünde, ýerleşýän ýeri –sag tarap düzgüninde 2-nji sütünde.

Aşaky setir: gazanan dereje-çep tarap düzgüninde 1-nji sütün, gyýajyk (kursiw) bilen sag tarap düzgüninde 2-nji sütünde-seneleri.

Seneler aralyk şekilinde ýazylmaly: aý, ýyl.

“Tejribe” bölümi: işi berýän adamlar we wezipeleri gaýdyşyn hronologiki düzgüninde ýazylmaly, gara 3 setir.

Ýokarky setir: çep tarap düzgüninde 1-nji sütünde – seneler, işi berýän adam-çep tarap düzgüninde 2-nji sütünde, ýerleşýän ýeri –sag tarap düzgüninde 1-nji sütünde.

Aşaky setir: wezipäniň ady-çep tarap düzgüninde 2-nji sütün , gyýajyk (kursiw) bilen sag tarap düzgüninde 2-nji sütünde-seneleri.

Seneler aralyk şekilinde ýazylmaly:aý,ýyl-aý, ýyl.

“Bilim we tejribe” bölümi:Çep tarap düzgüninde, ikinji sütünde durnukly yza çekiliş.

“Goşmaça maglumat” bölümi: bölüm aşaklary gara bilen aýratynlaşan, çep tarap düzgüninde.