Hytaý Respublikasynyň Stipendiýa boýunça Komiteti (CSC)

Möhleti
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Hytaý Döwletiniň Stipendiýa Komiteti CSC tarapyndan stipendiýalar hödürlenilýär. Hytaý Uniwersitetlerinde bakalawr, magistratura, doktor derejelerini okamak üçin stipendiýa Komiteti doly tölenilýän stipendiýa programmalaryny gazanmak üçin mümkinçilik berýär. 274 Hytaý uniwersitetleri daşary ýurt raýatlary üçin stipendiýalary hödürleýär.

Resminamalary nädip tabşyrmaly?

Ädim 1: size laýyk gelýän we CGS bilen bagly uniwersitetleriň birini saýlaň. Şu sahypadan geçip bilersiňiz Subject Wise University List Under CSC.

Uniwersitetiň gözleme ýollarynyň wideosy: https://youtu.be/yXZYwPy4yCY

Ädim 2: Uniwersitetiň professory bilen habarlaşyň weondan sizi talyp hökmünde kabul etmegini haýyş ediň. Bu Email salgysyna ýazyp bilersiňiz. Professor sizi kabul etse, siziň stipendiýa gazanmaga mümkinçiligiňiz artýar.

Professory tapmak üçin bu wideony seredip bilersiňiz: https://youtu.be/T8RQV5s3Ejs

Professor razy bolan wagtynda oňa Tassyklaýyş hatyň formasyny ugradyň.

Ädim 3: CSC onlaýn arzany ugradyň. CSC talybyň loginynyň üsti bilen registrasiýa üçin onlaýn forma: http://studyinchina.csc.edu.cn/
Arzany doldurmak üçin wideony seredip bilersiňiz: https://youtu.be/lq4-IyDYKXs

Ädim 4: « Daşary ýurt dalaşgäriň saglyk ýagdaýy » formasyny dolduryň, şeýle hem bu resminama bilen bagly saglygy barada Daşary ýurt dalaşgäriň saglygynyň barlag netijeleri formany ýükläň.

Ädim 5: Resminamalary çap ediň we indiki tapgyra geçiň. Wajyp: hemme resminamalar notarius bilen tassyklanan bolmaly.
Arzany tabşyrmak üçin DHL ýaly kurýer edarasynyň üsti blen möhürlenen hilini tabşyryň, soňra daşary ýurt raýatlary bilen işleşýän Býurosy bilen habarlaşyp resminamalary iberiň.

Wajyp: dalaşgär CSC stipendiýasyna birnäçe uniwersitetlerine arzany birden tabşyryp bilýär. Size 3 uniwersitetden ybarat arzaňyzy tabşyrmaga maslahat berýäris. Şeýle-de, size CSC stipendiýasyny gazanmak üçin we CSC uniwersitetine resminamalary tabşyrmak üçin aýratyn onlaýn arzalary doldurmaly bolýarsyňyz, soňra bolsa olary aýratyn her uniwersitete goýbermeli bolýarsyňyz.

Stipendiýalaryň üç derejeleri bar:

  1. CSC stipendiýasynyň A derejesi;
  2. CSC stipendiýasynyň B derejesi;
  3. CSC stipendiýasynyň Ç derejesi;
    CSC stipendiýasynyň A derejesi ( Hytaýyň wekilleriniň üsti bilen arzany ibermek isleseňiz bu derejäni saýlaň) Wajyp: Hytaý stipendiýa komitetiniň täze syýasatyna görä dalaşgär Hytaýyň wekilleriniň üsti bilen diňe 2 uniwersitete arza iberip bilýär.
    CSC stipendiýasynyň B derejesi ( bu derejäni uniwersitetiň üsti bilen arza ibermek isleseňiz saýlaň) Wajyp: Hytaý stipendiýa komitetiniň täze syýasatyna görä dalaşgär uniwersitetiň üsti bilen diňe 3 uniwersitete arza iberip bilýär.
    CSC stipendiýasynyň Ç derejesi (arzany başga çeşmelerden ibermek isleseňiz bu derejäni saýlaň).
    Siz CSC stipendiýasynyň ulgamynda B derejesini saýlamaly bolýarsyňyz, sebäbi siz dogry Hytaý uniwersitetine arzany tabşyrýarsyňyz.