Prep 4 success
Amerikan maslahaty Türkmenistan raýatlaryny Prep4Success intensiw programmasyna goşulmana çagyrýar. 18 hepde( hepdede 4 gün) taýynlyk sapaklary.
Bu sapaklarda TOEFL/SAT/Academic Reading and Writing analitiki düşünje usullary bilen taýynlyk görüp bilerler. Bu amerikan kolejlerine we uniwersitetine üstünlikli synaglardan geçmäne kömek edýär.
Sapaklaryň wagty: duşenbe güniden penşenbe günine çenli sagat 9.00-16.00 çenli. Anna güni 9.00-14.00(intensiw sapagy).
Düzgünler:
- Orta umumy mekdebi gutaran okuwçy;
- Bakalawr derejesine ýetmedik;
- Türkmenistanda we daşary ýurtda uniwersitete girmedik(hünär okuwlaryň talyplary girip biler);
- Iňlis dili gowy, örän gowy deresinde bilýän;
- Okuwda üstünlikli okaýan we ABD-nyň hünär mekdeplerinde we uniwersitetlerinde üstünlikli okamak isleýän;
- Synaglara taýýar!
Resminamalary nädip goýbermeli?
Hemme resminamalar DIŇEJE elektron salgy boýunça goýberilmeli: associatep4s@americancouncilstm.org
Artykmaç meýilnama gerek ýagdaýynda 36-90-16/21 jaň edip bilersiňiz.
Synaga diňe arzany dolduran dalaşgärler çagyrylar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Arza:
Hemme resminamalar elektron formatynda iberilmeli.
• Prep4Success programmasynyň PDF formatynda düzme görnüşinde doldurylan arza ;
• Orta okuw bahalaryň tabeli;
• Iňlis dilinde bir akademik hödürleýän haty;
• Rezýume;
• Içgi paspordyň nusgasy;
• Pasport ölçegdäki surat
Bilim programmalary
Indiki soraglar boýunça geňeş:
• ABD-da ýokary okuw bilimi ulgamy;
• Bilim edaralarynda arza goýberilýän möhleti;
• ABD-da iň amatly bolýan ýokary okuw edarasy;
• TOEFL we SAT boýunça amerikan standartlanan synaglar;
• ABD-da stipendiýa barad maglumat;
• Stipendiýa almak üçin düzme ýazma we ABD-nyň bilim edaralaryna okuwa girmek üçin arza doldurma we ş.m.