Talyplar üçin “Amerikany öwreniş institutlary” maksatnamasy

Möhleti
01.03.2021
Arza göýbermek

Talyplar üçin “Amerikany öwreniş institutlary” maksatnamasy güýçli depginde alnyp barylýan gysga-möhletleýin okuw maksatnamasy bolup, onuň maksady Ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryna ABŞ barada çuňňur düşünje bermekden we şol bir wagtyň özünde olaryň dolandyryjylyk ukyplaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu bäş-hepdelik maksatnama ençeme seminarlardan, okuw materiallaryny okamakdan, çykyşlardan we leksiýalardan ybaratdyr. Bu maksatnamanyň dört hepdesi okuw sapaklardan daşary, okuw maksatly syýahatlar, çäreler we beýleki ýerli mümkinçiliklerden ybarat bolup, soň bir hepdelik okuw syýahaty bilen tamamlanýar. Bu maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylara dört hepdäniň dowamynda institutyň ýaşaýyş jaýynda ýaşap, okuwdan daşary bilim we medeni çärelere gatnaşmaga mümkinçilik berilýär.

Baryp-gelmek ýol çykdaýjylary, wiza we iýmit, ýaşaýyş üçin boljak çykdajylar,goşmaça çykdajylar we saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen baglanşykly ähli çykdaýjylar maksatnama tarapyndan tölenilýär.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Maksatnama 18-25 ýaş aralygyndaky diňe zenan talyplar üçin niýetlenen.
  • Iňlis dilini bilmek – maksatnamanyň dowamynda terjime üpjün edilmeýär. Gatnaşyjylar iňlis dilini suwara bilmeli.
  • Maksatnama Yokary okuw jaýynda okuwlaryny tamamlamaga azyndan ýarym ýyl wagt galan talyplar gatnaşyp bilerler.
  • Okuwlaryna ýetişigi ýokary bolmaly- bahalaryň göçürmesini we mugallymlaryň häsiýetnamalaryny tabşyrmaly.
  • Dalaşgärler öň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşamadyk ya-da uzak wagt ýaşamadyk bolmaly.

Anketany nädip tabşyrmaly:

Doly doldyrylan anketalar 2020-nji ýylyň 15-nji yanwaryna çenli tabşyrmaly. Anketany şu ýerden MS Word wersiýasy (DOC 49 KB) formatynda alyp, AshgabatEducation@state.gov elektron poçta arkaly ýa-da çap edilen anketany Maglumat we medeniýet bölümine ýüz tutup alyp bilersiňiz.