Klark Uniwersitetiniň ýokary stipendiýasy.

Möhleti
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

10000$ ýokary stipendiýalary, şeýle-de hem daşary ýurt talyplaryna stažyrowka geçmek mümkinçiligini bermek üçin kepillendirilen we salgytlanýyn 2500$ stipendiýasy.

Klark Uniwersiteti – bu Massaçusets ştatynyň Wustern şäherinde ýerleşýän hususy gözleg uniwersitetidir. Uniwersitet  46 esasy we esasy däl gumanitar, jemagat, adaty we inžener programmalaryny hödürleýär we tanyşdyryş  programmalaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär https://www.clarku.edu/academics/schools-and-departments/

Eger-de siz daşary ýurt talyby bolup, Klark Uniwersitetiniň birinji okuw ýylyna tabşyrýan bolsaňyz , siz okuw zähmetiňiz üçin stipendiýa gazanyp bilersiňiz.

Siz kabul ediş arzany iberen wagtyňyzda eksiz birnäçe ýylyň stipendiýasyny gazandygyňyz hasap edilýär. Global Scholars programmasynyň Leep prezident stipendiýasy aýratyn arza talap edýär, emma galanlary talap etmeýär.

Stipendiýany gazanmak hakyňyz siziň maşgala zerurlygyňyzdan dälde akademik ýetişigiňize bagly (kabul ediş arzaňyzda bildirilen). Emma stipendiýa tabşyrmak isleýän daşary ýurt talyplary okuw töleginiň wajyp göterimini ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bardygyny görkezmeli.