Miçigan Uniwersitetiniň Halkara stipendiýasy.

Möhleti
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Miçigan Ştatynyň Uniwersiteti daşary ýurt talyplaryna ABŞ-da okamak üçin dürli stipendiýalaryny we grantlaryny hödürleýär.

Halkara Okuw granty.

Birinji kursy okamaga tabşyrýan daşary ýurt talyplaryna çäkli mukdarda hödürlenýär. Bu grant ýetişigi, okuwyň daşyndan çärelere gatnaşygy, düzme we geografik köpdürlilik esasynda döredilen. Grantyň möçberi sekiz aýyň içinde 1000$-25000$ çenli  barýar. Miçigan Uniwersitetine 1-nji dekabra çenli resminamalaryny we SAT/ACT synaglaryň bahalaryny iberen  talyplar artykmaç dykgata alynýar. Bu baýragyň mazmuny barada okamak üçin Halkara bilim grantyny gazanmak üçin talaplar sahypasynda okap bilersiňiz.  

#YouAreWelcomeHere stipendiýasy.

Bu stipendiýa medeni ara üýtgeşikligini ýeňip bilip #YouAreWelcomeHere  pikirini ösmegine täsir edip biljek 2 daşary ýurt talyplaryna hödürlenýär. Ýylda 50% okuw tölegi ýapylýar. #YouAreWelcomeHere stipendiýasy arza talap ediýär.

Goňşy döwletler üçin ähliumumy stipendiýasy.

Bu stipendiýa akademiki zehinli dalaşgärlere çäkli mukdarda hödürlenilýär: sekiz ýarymýyllyk (semestr) boýunça ýylyna 6000$ berilýär.

Ähliumumy sparta stipendiýasy.

Bu stipendiýa akademiki zehinli dalaşgärlere çäkli mukdarda hödürlenilýär: sekiz ýarymýyllyk (semestr) boýunça ýylyna 1000$ berilýär.