New York Uniwersitetiniň Stipendiýasy.

Möhleti
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

New York Uniwersiteti size birnäçe bäsdeşikli stipendiýalary hödürleýär. 20% töweregi tabşyran dalaşgärler stipendiýany gazanyp bilerler. Doly we doly däl okuw wagtyna tabşyrýan dalaşgärleriň ählisi gazanyp bilerler.

Arzany NYU Wagner programmasyna onlaýn şekilinde ugradyp bilersiňiz. Bu stipendiýalar goşmaça düzmäni talap etmeýär. Dalaşgärler saýlanan stipendiýa programmasynyň gabat gelişi we üstünligi boýunça saýlanylýar.

Dekanyň stipendiýasy :

Bu stipendiýa dalaşgärlere saýlanan programmanyň derejesine we ugryna garaşsyz, zehini we üstünligi esasynda hödürlenilýär.

Public service üçin berilýän stipendiýasy:

Bu stipendiýa dalaşgärlere bölekleýin  tölenip zehini we üstünligi esasynda hödürleýär.

Ýolbaşçylar üçin stipendiýa:

Executive MPA programmasynyň dalaşgärlerine stipendiýanyň 25% döwlet gullugynyň ýolbaşçylaryna zehini we üstünligi esasynda hödürleýär.

Nneka Fritz(WAG’08) stipendiýasy :

Okuwyny doly tamamlamak isleýän, doly wekillik edilmedik we ekonomiki ösüşinde gyzyklanýan talyplara hödürlenilýär. Dalaşgärler alýan bilimini Nýu-Jersinyň Nýuark etrabyna bagyşlamaly. MCJ Amelior fondy tarapyndan tölenilýär.

Brodskiý maşgala adyndaky   stipendiýasy:

MUP –nyň täze başlaýan talyplaryna hödürlenilýär. Olar ýaşaýyş jemagatynda , elýeter ýaşaýyş jaýynda we şäherleriň ösüşinde gyzyklanmaly. Daniel Brodskinyň 70-nji ýyllarda döreden programmasy Daniel we Eştrelit maşgala fondy tarapyndan tölenilýär.

Lýuter M.Gulik stipendiýasy:

Ýaňy başlaýan, doly ýa-da gaýybana okaýan talyplara hödürlenilýär. Olar  halkara döwlet jemagatynda we halkara ösüşinde gyzyklanmaly.