Karlstads Uniwersiteti – Şwesiýa

Möhleti
02.01.2020
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Eger-de siz Şwesiýada okamak isleýän bolsaňyz, Karlstads Uniwersiteti tarapyndan taýýarlanan Global International programmasyna gatnaşmak üçin arza tabşyryp bilersiňiz. Uniwersitetde 40 ýakyn bilim programmalary, 30 sany artdyrylan programmalar we 900 sany kurslar bar.

Karlsatd Uniwersitetiniň stipendiýasy doly ýa-da bölekleýin okuw töleginiň bahasyny ýapýar. Stpendiýany gazanmak üçin tabşyrylan arzalary diňe gatnaşygyň tölegini geçireniňden soň seredilýär.

Stipendiýa gatnaşmazdan ozal dalaşgärler Karlstad Uniwersitetine arza tabşyrmaly. Bu prosesi geçenden soňra ýokardaky sag tarapdaky sahypa geçip bu ýere basyň.

Iňlis dilinde okadylýan magistr derejesiniň programmasyna tabşyrmak üçin talaplar:

  1. Orta mekdebini üstünlikli gutarmaly;
  2. Okamak isleýän programma ýa-da kurs üçin başlangyç şertlerini ýerine ýetirmeli. Her kurs ýa-da programma üçin anyk öňünden döreýän şertler bilim programmasynda ýa-da programmanyň öwrenme tertibinde bildirilendir.
  3. Iňlis dilini bilýändigi barada tassyklama TOEFL (paper- based test: 530 / computer-based test: 173 / / Internet-based test: 72), ýa-da IELTS (talap edilýän baha 5,5 – 5,0-den aşak bolmaly däl);
  4. 2009-njy ýylyň dekabr aýynyň 31-den soň synaglaryny tabşyran okuwçylar üçin matematika ugurdan okamaga goşmaça talaplar bar. Matematika boýunça şwed A derejesine (10 okuw ýyly golaýynda) ýetmek üçin, talyp matematika boýunça kurslary geçmeli. Bu talaplar 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwara çenli mekdepde soňky bahalaryny alan dalaşgärlere degişli däl.