Daşary ýurt talyplary üçin bütindünýä ylym baýragy Marquette Uniwersitetinde hödürlenýär (ABŞ).

Möhleti
01.03.2021
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Marquette Uniwersiteti Miluokida, Wskonsin Ştatynda 1881 ýylda esaslanan hususy okuw mekdebi. Bu uniwersitetde bakalawr dereje üçin, hukugy öwreniş mekdebi, diş bejeriş mekdebi üçin 68 sany programmalar bar we magistratura üçin 22 sany programmallar hödürlenýär.  Talybyň akademiki üstünliklerine esaslanyp doly okuw üçin stipendiýalary hödürleýär. Dört ýyllyk (sekiz semestr) okuw üçin uniwersitet her ýyl stipendiýanyň möhletini uzalýar.

Arzany nädip tabşyrmaly:

Baýragy gazanmak üçin dalaşgär ýokary okuw mekdebine kabul edilendigi barada teklip almaly. Marquette uniwersitetine arzaňyzy tabşyryň. Stipendiýa üçin arzaňyzy tabşyrmazdan ozal, hemme resminamalaryňyzy Marquette Uniwersitetine iberiň.

Tassyklaýyş resminamalar:

  • Beýannama;
  • Bir hödürleniş haty;
  • Mekdep çäreleriň sanawy ýa-da rezýume;
  • Bir hödürleniş haty: bütindünýä meseleleri pudagynda siziň tejribäňizi we höwesiňizi suratlandyrýan haty bolmaly.

Dalaşgärlere talap:

ortaça bahasy 3,25 ( 4,0 dereje boýunça) az bolmaly däl.

Dil boýunça talap:

talyplar iňlis dilinde gowy ýazmagy we gürlemegi bilýändiklerini tassyklamaly.