Bolgariýadaky Amerikan Uniwersiteti

Möhleti
01.06.2020
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Bolgariýadaky Amerikan Uniwersiteti ýokary hilli amerikan bilimini hödürleýär. Okuw doly iňlis dilinde geçýär. Okuwy bitirenden soňra uçurymlar Amerikan we Ýewropa diplomyny alýarlar.Aşakdaky esasy pudaklary boýunça okuwa tabşyryp bilersiňiz:

  • Işewürlik administrirleme;
  • Kompýuter tehnologiýalary;
  • Ekonomika;
  • Ýewropa öwrenişi;
  • Taryh we siwilizasiýa;
  • Habar beriş ulgamy;
  • Žurnalistika;
  • Edebiýat (goşmaça ugur);
  • Matematika;
  • Politologiýa we Halkara aragatnaşyklary.

Okuwa girmek üçin aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • Onlaýn arza;
  • Beýannama;
  • Hödürleniş hatlary;
  • Iňlis dilini bilýändigi barada tassyklama;
  • Bahalaryň stenogrammasy;
  • Portfolio;
  • Söhbetdeşlik;
  • SAT/ ACT netijeleri (meýletin)
  • Pul kömegi barada arza (meýletin)

Resminamalaryň kabul ediş möhleti:

doldurylan arzalar kabul ediş toparynda bolmaly
Güýz semestry:
1 mart – ir tabşyryş, doly pul kömegi;
1 iýun – standart tabşyryş we pul kömegi
Ýaz semestry:
1 oktýabr- Ýewropa Birleşigine girmeýän döwletleriň raýatlary üçin

Resminamalary tabşyrmak üçin salgy:

Admissions Office
ABF Student Center
American University in Bulgaria
12 Svoboda Bachvarova St.
Blagoevgrad 2700, Bulgaria