Stefan Banah adyndaky stipendiýa programmasy, Warşawa Polşa.

Möhleti
16.03.2020
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Polşa dilini bir ýylyň dowamynda öwren we Polşada okamaga doly stipendiýany gazan.

Stefan Banah adyndaky stipendiýa programmasy Polşa dilinde okamaga mümkinçilik berýär. Ylym we ýokary okuw Ministrligine degişli ýokary okuw jaýlarynda inžener enjamy, oba hojalyk tejribe ähmiýetli we adaty ylymlary ugurlary boýunça okamaga mümkinçilik berýär.

Bu programma birýyllyk taýýarlaýjy kursdan soňra Polşanyň uniwersitetlerinde ( Polşa dilinde) stipendiýa bilen okamaga mümkinçilik berýär. Kursyň tölegleri NAWA tarapyndan hem tölenilýär.

Dalaşgärler bäsleşigiň tertibine görä NAWA-nyň direktory bilen we Polşanyň uniwersitetleriniň alymlary bilen söhbetdeşlik geçirmeli we olaryň netijeleri ýokary derejede bolmaly. Dalaşgärler okamak isleýän uniwersitetini we uguryny özleri saýlaýarlar.

NAWA direktorynyň stipendiýasy taýynlaýyş kursynyň dowamynda hödürlenilýär we döwlet uniwersitetlerinde okuw töleginden boşadylýar. Aýlyk stipendiýa ýaşaýyş ýerini we çykdajylaryny ödeýär. Stipendiýa 12 aýyň dowamynda berilýär. Döwlet uniwersitetleriň sanawyny http://www.go-poland.pl/pl/system-szkolnictwa-wy-szego sahypa geçip görüp bilersiňiz.