ForSet programmasynda maglumaty geçirmek boýunça hünärmen boluň!

Möhleti
31.01.
Arza göýbermek

Data Communication Fellowship programmasy – 4-5 aýlyk programma, Tbilisida üç hepdelik sapakardan ondan soňra halypaçylyk onlaýn-programmasyndan ybarat. Bu programmanyň dowamynda stipendiýany gazananlar maglumatyň ýygnanyşygy, seljerişi boýunça, maglumatlaryň taryhyny aýdyp berme, maglumatyň dizaýny boýunça ukyplaryny özgerdýärler. Olar ForSet toparynyň ýolbaşçylygy bilen barlaga, ýazuwa, maglumatyň taryhyň döredijiligine we çap edilmegine jogap berýärler. Gatnaşyjylara maglumatyň taryhyny dörediliş wagtynda kömek edýän halypa bellenilýär ( programmanyň dowamynda döredilen taryhlar Ýewraziýa portalyna ýükleniýär https://stories.forset.ge/en/).

ForSet programmasyna gatnaşmaga höwesiňiz bar bolsa we indiki kriteriýalara laýyk bolsaňyz arzaňyzy tabşyryň:
• Ermenistanda, Azerbeýjanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Russiýa Federasiýasynda, Täjigistanda, Türkiýede, Türkmenistanda ýa-da Özbegistanda ýaşaýan we işleýän bolsaňyz;
• Žurnalist, kommunikasiýa pudagy boýunça hünärmen, dizaýner we programmist, jemgyýetçilik ugrunda işleýän bolsaňyz;
• Maglumatlary seljerişe ukyply, žurnalistika maglumatlary ýa-da kommunikasiýa;
• Iňlis dilini gowy bilýän bolsaňyz;
• 2020-nji ýylyň aprel aýynda Tbilisida 3 hepde bolup bilersiňiz ( anyk wagty ýakynda belli bolar);
• Halypalyk onlaýn-programma gatnaşmaga mümkinçiligiňiz bolsa;
• Gerekli mukdarda maglumatlaryň taryhyny taýynlap bilersiňiz;
• Döwletara aragatnaşygyna gatnaşyp bilseňiz;
• Hünär kämilleşdiriş okuwyndan soňra ýurdyňyza gaýdyp, ol ýerde indiki 12-18 aýyň dowamynda ýaşamaly;
• Syýasy birleşigine we dini guramalaryna degişli däl.

Jemi 6 sany stipendiatlar 2020-nji ýylda seçilip alynar. Programma doly we ýarty tölegini hödürleýär:
• Iki sany doly stipendiýany gazananlar (iki tarapa peteginiň tölegi, ýaşaýyş jaýynyň we çykdaýjylarynyň tölegi);
• Dört sany ýarym stipendiýany gazananlar (diňe iki tarapa peteginiň tölegi)
Üns beriň, stipendiýany gazananlar ätiýaçlandyryşyny özi tölemeli.

Programma degişli ähli soraglaryňyzy Mariam Gamharaşwili mariam@forset.ge. ýüzlenip bilersiňiz.