Jönköping Uniwersitetinde magistr we bakalawr derejelerini okamaga mümkinçilik, Şwesiýa.

Möhleti
05.02.2020
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

1977-nji ýylda Şwesiýada Jönköping Uniwersiteti esaslandyryldy. Bu uniwersitet bakalawr we magistr derejesinde 80 sany programma hödürleýär, şeýle-de talyplary halkara kontekstinde işlemäge taýýarlaýar we dört mekdepden bütindünýä derejesinde bilimi üpjün edýär. Talyplar iňlis we şwed dillerinde hemme ugurlarynda okap bilerler.
• Jönköping Uniwersiteti akademik ýetişgenligine göra okuwynyň töleginiň ýarysyny töleýär.
• Okuwyň üç ýyl dowamynda töleginiň 30 göterimini ödeýär.
Jönköping Uniwersitetindäki goşmaça stipendiýalar barada https://ju.se/en/study-at-ju/admissions/scholarships.html sahypada öwrenip bilersiňiz.

Arzany nädip tabşyrmaly:

• Stipendiýany gazanmak üçin arzany tabşyrmazdan ozal Jönköping Uniwersitetiniň https://ju.se/en/study-at-ju/admissions.html sahypasyna geçip arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz. Ondan soňra dalaşgärler arzanyň aýratyn görnüşini ýükläp, goluny çekip we Admissions.Office@ju.se salgysyna tassyklaýyş resminamalar bilen iberip bilerler.
• Goşmaça resminamalar: siziň bilim tejribäňizi we işiňiziň ösüşiniň planyny suratlandyrýan arzaňyz (200 sözden ybarat) we öňki mugallymdan ýa-da başlykdan hödürleýiş haty.

Resminamalaryň sanawy: orta mekdepden şahadatnama, şahsy pasportyň nusgasy, bahalaryň stenogrammasy, iňlis dilini tassyklaýan şahadatnama (TOEFL / IELTS) we giriş haty.
Dalaşgärlere talaplar: arzany tabşyrmakdan ozal bakalawr we magistr derejelerine gerekli talaplary barlamaly.

Bellik: resminamalary PDF formatynda ýüklemeli.

2020-nji ýylda resminamalaryň kabul ediş möhleti:  16.10.2019 – 02.05.2020

Tassyklaýyş resminamalary 15-nji maýa çenli tabşyrmaly.

Bakalawr derejesine tabşyrmak üçin  gollanma: https://ju.se/en/study-at-ju/admissions/undergraduate-admission-guide.html
Magistr derejesine tabşyrmak üçin  gollanma: https://ju.se/en/study-at-ju/admissions/masters-admission-guide.html