Nur-Sultan şäherindäki ÝHHG-niň ýaşlar üçin konferensiýasy.

Haçan: 20 fewral 2020 – 23 fewral 2020( doly gün)
Nirde: Nur-Sultan şäherindäki Nazarbaýew adyndaky Uniwersitet, Gazagystan
Nur-Sultan şäherindäki ÝHHG-niň edarasy tarapyndan gurnalan.
Nur-Sultan şäherindäki ÝHHG-niň edarasy 2020-nji ýylyň 20-23-nji fewralynda köptaraplaýyn edaranyň işleýşini düşündirmek üçin geljekdäki direktiw agzalaryň işgärlerine konferensiýa döretdi.
Bu çärede ÝHHG-niň işleýşi, onuň howpsuzlyk barada düşünjesi we ylalaşma esasynda alnan kararlaryň prosesini düşündirýärler. Gatnaşyjylar gepleşigi nädip alyp barmaly, diplomatik ukyplaryny, şeýle hem ÝHHG-niň halkara guramalaryň hereketi barada bilim alarlar.
ÝHHG-niň konferensiýasy Nazarbaýew adyndaky Uniwersitetde geçer we Hemişelik geňeşiniň esasynda döredilen gönükmelerden ybarat bolar . Şeýle-de gatnaşyjylar halkara hünärmenler tarapyndan alnyp barylýan birnäçe brifinglara, kurslara we interaktiw seminarlara gatnaşarlar.
ÝHHG-niň konferensiýasyna gatnaşmak mugt. Ýaşaýyş jaýy we transporty tölenmeýär. Çäre wagtynda iýmit hödürlenilýär.
Kriteriýalar:
- 30 ýaşa ýetmedik.
- ÝHHG-niň döwletleriň raýaty.
- Iňlis dilini gowy bilmeli.
- Çäräniň dowamynda Nur-Sultan şäherinde bolmaly.
Eger-de arzany tabşyrmak isleseňiz, arzany dolduryň we rezýume bilen bile (iňlis dilinde) modelosce.nursultan@osce.org salgysyna iberiň, tema setirinde “Gazagystan – ÝHHG konferensiýasy” diýip bellemeli.
Resminamalaryň kabul ediş möhleti: 9-njy fewral, 2020
Kabul edilen arzalar 11 fewrala çenli belli bolar.
30 ýaşa ýetmedik ýaşlar üçin hödürlenilýär.