Orta Aziýada Žurnalistika ugrundan tomus instituty 2020-nji ýyla arza
Kyrgyzstan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçiriljek tomus institutyna arzalar kabul edilýär.
Orta Aziýada Žurnalistika ugrundan tomus instituty žurnalistika ugrundan okaýan talyplara we žurnalistlere hünärlerini üstünlikli dowan etmäge ukyplary hödürleýär. Tomus instituty Orta Aziýadaky hemme gatnaşyjylara hödürlenilýär we özbaşdak žurnalistleriň sebitleriň arasyndaky ulgamyň ösmegine gönükdirilen. Sapaklaryň dowamynda gatnaşyjylar özara aragatnaşygy gurarlar we programmany bitirenden soňra has giňişleýin žurnalistleriň ulgamy bilen, şeýle hem GoViral ulgamy bilen özara baglanyşygy gurarlar.
2020-nji ýylyň tomus instituty:
Orta Aziýanyň Amerikan Uniwersiteti 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 22-den – iýul aýynyň 17-ne çenli Bişkekde gatnaşyjylary kabul eder. Okuwa modullar media-sowatlylykdan, žurnalistikadan we täze media-tehnologiýalardan ybarat. Tomus instituty rus dilinde alnyp barylar.
Stipendiýa halkara peteginiň tölegini, ýaşaýyş jaýyny, iýmitini, ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny we okuw harytlaryny ödeýär.
Kriteriýalar:
- Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň raýaty bolmaly;
- 2020-nji ýylyň 22-nji iýunyna çenli ýaşy 18-den-30-a çenli bolmaly;
- Žurnalist ýa-da žurnalistika fakultetiniň talyby bolmaly.
Dalaşgärler indiki kriteriýalara laýyk bolmaly:
- Bu ugurdan gerekli tejribe ýa-da bilim;
- Hünär ösüşe islegli we liderçilik häsiýetli;
- Orta Aziýada özbaşdak žurnalistleriň ulgamyny özgertmek höwesli;
- Rus dilini gowy bilýän.
Resminamamlary nädip tabşyrmaly:
Aşakda onlaýn arzany dolduryň. Arza indiki resminamalardan ybarat bolmaly:
- Professordan ýa-da alymdan berlen 2 sany hödürleniş hatlary;
- Soňky üç ýylyň içinde çap edilen işiň 2 sany nusgasy.
Onlaýn arza: https://fs3.formsite.com/Meridian1630/2020letniiinstitut/index.html
Resminamalaryň kabul ediş möhleti: 1-nji mart, 2020ý, Duşanbe wagty bilen sagat 20:00 çenli.
Kabul ediş barada kararlar 2020-nji ýylyň maý aýyndan belli bolýar.
Eger-de sizde soraglar dörese CASummerInstitute@meridian.org salgy boýunça ugradyp bilersiňiz.