Iňlis dili mugallymlar üçin Orta Aziýa konferensiýa (CATEC) 2020

Möhleti
03.02.2020

Näme: MOOC we başga elektron platformalarynyň üsti bilen iňlis dilini we STEM-i öwrenmek.

Sene: 13-14 mart 2020ý.

Ýeri: Nur-Sultan, Gazagystan.

Resminamalaryň tabşyrylys möhleti: 3-nji fewral 2020ý. , sagat 18:00

CATEC 2020 (Iňlis dili mugallymlaryň Orta Aziýa konferensiýasy) Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherinde 13-14 martda geçirilýär. Bu ýylda konferensiýa MOOC we başga elektron platformalarynyň üsti bilen iňlis dilini we STEM-i öwrenmek temasy barada bolar.

Aşakdaky temalar boýunça seminarlar we stend dokladlary  taýynlanyp biler:

MOOC, kommunikatiw çäreler, aslyna muwapyk jisimler, proýekt boýunça öwreniş, dilleri kompýuter enjamlary bilen öwretmek (CALL), ýaş okuwçylara iňlis dilini  okatmak (TEYL), dürli görnüşde okatmak, STEM we  EFL mugallymlara okatmak we ş.m. konferensiýa degişli temalar.

Halkara peteklerini, ýaşaýyş jaýyny, iýmitini we wiza tölegden ybarat 5 sany grantlar hödürlenilýär. Bu stipendiýalar ABŞ-nyň wekilleri tarapyndan seçilip alynýar. Täze öwrenilen bilim bilen paýlaşmany bilýän dalaşgärler uly orun tutýarlar.

Arzaňyzy ibermek üçin başda siziň kwalifikasiýaňyzy we tejribäňizi suratlandyrýan arzany we bilimi, öňki halkara syýahatlar barada maglumat berýän esasy rezýumeňizi AshgabatAlumni@state.gov salgy boýunça ýükläp bilersiňiz.