Russiýa Federasiýasynda okamak üçin daşary ýurt raýatlaryň saýlamasy (kwotalar)
Russiýa Federasiýasynda döwletiň býujeti bilen daşary ýurt raýatlaryň we daşary ýurtda ýaşaýan raýatsyz adamlary we Türkmenistan Döwletiniň raýatlary üçin orta hünär, ýokary okuw bilimini okamaga kabul edilýärler. RF döwletiniň kararynyň çäginde amala aşyrylmasy bilen okuwa kabul edilýärler. Daşary ýurt raýatlaryň we daşary ýurtda ýaşaýan raýatsyz adamlaryň saýlanma tertibi Russiýa Federasiýasy bilen amala aşyrylýar.
Dalaşgärler konkurs saýlamasyndandan geçmezden ozal RUSSIA.STUDY. portalynda registrasiýa etmeli.
21-nji fewralda registrasiýa gutarýar. Bu sahypada registrasiýa etmedik dalaşgärler konkursa gatnaşmaga rugsat berilmeýär.
Saýlamanyň birinji tapgyry A.S.Puşkin adyndaky rus-türkmen orta mekdebi bilen bilelikde fewral aýynyň 26-dan mart aýynyň 12-ne çenli alnyp barylýar ( test şeklinde). Her dalaşgäre E-mail üsti bilen teste gatnaşmaga çakylyk barýar. Magistratura, aspirantura we ordinatura derejelerini okamaga dowam etmek isleýänler konkurs esasynda şahadatnama, diplom şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň hödürleýän haty boýunça saýlanyp bilerler.
Resminamalary nädip tabşyrmaly?
Russiýa uniwersitetine kabul edilmek üçin:
- RUSSIA.STUDY. https://russia.study/ru portalynda registrasiýa etmeli;
- Registrasiýa edeniňizde ýazan e-mail we açarsözüňizi ulanyp sahypa giriň;
- Size habar bermek üçin sowalnamanyň hemme hökmany pudaklaryny dolduryň (telefon nomeriňizi ýazyň);
- 1-6 uniwersitetlerinden bilim programmasyny saýlaň. Uniwersitetleriň sany artdykça, siziň mümkinçilikleriňiz ulalýar.
- Suradyňyzy, paspordyň nusgasyny we şahadatnamanyň skanlaryny ýükläň.
- “Kwota boýunça tölegsiz okuwa arzany goýbermek ” knopka basyň.
Taýarlanyş bölümi
Esasy bilim programmalaryň köpüsi rus dilinde okalýar. Eger-de siz rus dilini bilmeseňiz taýarlanyň bölümine ýazylyň we sowalnamaňyzda 27-nji punkty belläň.
Döwlet stipendiýalary
russia.study portalynda kwotadan ybarat döwlet stipendiýasy bilen tölegsiz okuwa arza tabşyryp bilersiňiz.
Russiýa Federasiýasynyň belli ýokary okuw mekdeplerine şertnama boýunça girip bilersiňiz. (okuw tölegi bilen)
Tölegli okuwa arza tabşyrmak üçin :
- “Şertnama boýunça tölegli okuwa arza tabşyrmak ” knopkasyna basyň;
- “Arza” goşmaça goýulýan sahypada bilim programmaňyzy we uniwersitetleriň bahasyny hasaba alyp anyklaň;
- “Arzany goýbermek” knopka basyň. Biz siziň arzaňyzy barlap, uniwersitetleriň garamagyna tabşyrarys we size netijeler barada habar bereris.
Eger-de sizde tölenilýän okuw barada soraglaryňyz bolsa contract@russia.study ýüzlenip bilersiňiz.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- Kabul ediş komissiýanyň talap edýän derejesiniň formasy boýunça kabul ediş bilim programmasy barada arza ( şahsy kabinetinde registrasiýa edilende doldurulýar)
- Basma harplar bilen doldurylan bellenilen formasy boýunça bäsleşikde gatnaşmak barada reňkli surat bilen baglanan anketa-arza ( anketany ýükle)
- Dalaşgäriň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň nusgasy
- Rus diline terjime edilen şahadatnamanyň nusgasy
- Okuwa garşylyk görkezme ýoklugy barada medisina netijesi
- Ýokanç keselleriň ýoklugyny tassyklaýan medisina kepilnamasy
- Taýarlanan tertibi boýunça bilim barada resminamanyň asyl nusgasy
- 6.3, 7.3, 8.3 t. boýunça açyk bäsleşigiň tertibine görä bilim edarasyndan soňky 3 çäreginiň bahalaryny hödürläp bilýäler. Bilim barada şahadatnama alnan soň Şahsy otaga ýüklemegiňizi haýyş edýäris.
- 3×4 sm 4(dört) foto surat
Ugurlar(hünärler)
Dalaşgärler üçin ulanylyş esbabyhttps://russia.study/assets/%D0%A0%D1%83%D0%BA%D0%BE%D0%B2%D0%BE%D0%B4%D1%81%D1%82%D0%B2%D0%BE_%D0%BF%D0%BE%D0%BB%D1%8C%D0%B7%D0%BE%D0%B2%D0%B0%D1%82%D0%B5%D0%BB%D1%8F_%D0%B4%D0%BB%D1%8F_%D0%BF%D0%BE%D1%81%D1%82%D1%83%D0%BF%D0%B0%D1%8E%D1%89%D0%B8%D1%85.pdf
2020-nji ýylda resminamalaryň kabul ediş möhleti
Dalaşgärler konkurs saýlamasyny geçmezden ozal RUSSIA.STUDY. portalynda registrasiýa etmeli.
21-nji fewralda registrasiýa gutarýar. Bu sahypada registrasiýa etmedik dalagärler konkursa gatnaşmaga rugsat berilmeýär.