Stipendium Hungaricum atly stipendiýa programmasy

Möhleti
31.12.2020
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Wengriýa Ýewropada ýokary hilli bilimi hödürleýär. Stipendium Hungaricum  programmasy bilim pudagynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň esasynda, ýagny Wengriýanyň  Adamyň  Hukuklarynyň Ministrligi we ýokary okuw bilimine jogap berýän Ministrligi arasynda döredildi.  Dalaşgäriň arzasy jogapkär bolýan döwlet edarasyndan goýberilse makul hasaplanylýar. Ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersiteti.

Bakalawr, magistratura we aspirantura derejeleriniň stipendiýalary:

• Tölegsiz okuw;
• Aýlyk stipendiýa;
• Derejesiz, bakalawr derejeli, magistr we bir derejeli magistr programmalarynda okaýan talyplar üçin : aýlyk 40460 forint ( 130 ýewro), Wengriýada ýaşaýyş jaýynyň tölegi ( ýylda12 aýyň içinde, okuwy gutarýança)
• Doktor derejesi: häzirki wagtdaky Wengriýanyň kanuny boýunça aýlyk stipendiýa 140000 forint (450 ýewro) okuwyň birinji tapgyry üçin ( 4 ýarymýyllyk ) we 180000 forint ( 580 ýewro) ikinji tapgyr üçin ( 4 ýarymýyllyk ) – ýylda 12 aý, okuwy okap gutarýança. Aýratyn böleklerini 1.2.1 bölüminde okamagyňyzy haýyşt edýäris.
• Ýaşaýyş jaýy üçin töleg:
Tölegsiz umumy ýaşaýyş jaýy ýa-da 40000 forint aýlyk pul kömegi;
Eger-de talyp umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaman aýratyn jaýy kireýine tutmak islese aýda 40000 forint ýeterlik bolmaýandygyna üns beriň, esasan hem uly şäherlerde bu kömek puly jaýyň doly tölegine ýetmez;
• Saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy:
Wengriýanyň häzirki kanuny boýunça ( 1997 ýyldan tassyklanan No.80 kanuny, milli kartoçka we Saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy) we goşmaça medisina hyzmatynyň bahasy 65000 forint.

Resminamalary nädip tabşyrmaly?

Wengriýada okamaga stipendiýany  gazanmak üçin Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetine noýabr-dekabr aýlarynda gerekli maglumatlary almak üçin ýüz tutmaly.

Tapgyrlar:

  1. Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetine resminamalaryňyzy tabşyryň;
  2. Birinji tapgyrynda dalaşgärler halkara synaglaryň netijeleri boýunça (TOEFL,IELTS,SAT we ş.m.) giriş synaglaryny tabşyrýalar;
  3. Ikinji tapgyrda dalaşgärler umumy bilim berýän sapaklar boýunça synag tabşyrýalar;
  4. Wengriýanyň wekilleri bilen skaýp gürleşigi;
  5. Onlaýn testi;
  6. Netijeleri çykarma.

Aşgabat şäherinde Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň kabul ediş komissiýasy  resminamalary ýanwar aýynyň 22-31, 2020ý kabul edýäler.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
  • umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy) ýa-da bahalar bilen şahsy jiltiň tassyklanan göçürmesi;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy; (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwnamasy);
  • soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm möçberde on iki sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende, artykmaçlyklardan peýdalanýanlar okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Кроме того, поступающие вместе с вышеуказанными документами предъявляют и сдают в приёмную комиссию копии следующих документов:

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de raýatyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
  • Onlaýn arza;
  • Motiwasiýa haty;
  • Dili tassyklama şahadatnamasy we saýlanan programma laýyk terjimesi ýa-da wengr diline terjimesi;
  • Mekdep şahadatnamasy we onuň terjimesi- bakalawr derejesi üçin; şahadatnamanyň asyl nusgasynyň skany we saýlanan  programma laýyk ýa-da wengr diline terjemesi;
  • Saglygy barada sowalnama;
  • Arzalar onlaýn düzgüni boýunça kabul edilýäler.

Doktor programmasyna tabşyrmak isleýänler http://www.doktori.hu sahypasyna geçip bilersiňiz.

Talaplar:

Wengriýa ýokary okuw jaýlaryna 35 ýaşdan geçmedik, umumy orta ýa-da orta hünär bilimi bolan ( magistratura üçin ýokary bilimi) Türkmenistanyň raýatlary kabul edilýäler. Şeýle hem uçurym bolan we gerekli daşary ýurt dilini bilýän raýatlar hem kabul edilýäler.

Ugurlar(hünärler)

Wengriýanyň uniwersitetleriň sanawy, ýokary okuw jaýlarynyň mukdarlary barada Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň kabul ediş komissiýasyndan öwrenip bilersiňiz we websahypada https://apply.stipendiumhungaricum.hu/courses/search

Türkmenistan

Stipendium Hungaricum tarapyndan goldanylýan okuwyň ugurlary:

  1. Bakalawr: ykdysadyýet we işewürlik, ylym, inženeriýa, oba hojalygy, habar beriş tehnologiýasy, syýahatçylyk, aýdym-saz.
  2. Magistratura: sungat we ynsanperwer ylymlary, ylym, inženeriýa, oba hojalygy, habar beriş tehnologiýasy, syýahatçylyk, aýdym-saz.
  3. Aspirantura: hemme ugurlar.

Ygtyýarly edaranyň ady: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi.

Jogapkär adamyň ady:  Eziz Mämmedow, Halkara hyzmatdaşlyk bölümi.

Email: exhibition.edu@gmail.com

Telefon: +99312448507