Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2019/2020-nji okuw ýyly üçin daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär.

Möhleti
15.05.2020
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Türkmenistanyň Bilim ministrligi daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär.
Daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik hem-de ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdeplerini tamamlaýan, degişli daşary ýurt dillerini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwa iberiljek daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň we hünärleriň sanawy, okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Şertler: dalaşgär daşary ýurtdaky abraýly uniwersitetleriň birini okuwa kabul edilmeli( bakalawr derejesine) we kabul edilendigi barada haty we stipendiýany gazanmak üçin gerekli resminamalary tabşyrmaly.

Resminamalary nädip tabşyrmaly?

Stpendiýany gazanmak üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş toparyna ýüz tutmaly.

Resminamalaryň sanawy:

— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy) ýa-da bahalar bilen şahsy jiltiň tassyklanan göçürmesi;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
— soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm möçberde on iki sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende, artykmaçlyklardan peýdalanýanlar okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de raýatyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Uniwersitetiň kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda, daşary ýurt döwletlerine okamaga gitmek üçin gerekli goşmaça maglumatlary dalaşgärden sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Bilim programmalary

1000 iň gowy uniwersitetleriň içine girýän ähli ýokary okuw jaýyny saýlap bilersiňiz.

2020-nji ýylda resminamalaryň kabul ediliş möhleti

Aşgabat şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş topary tarapyndan 11-nji martyndan 15-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi 27 — 30-njy maýy aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçäniň 169-njy jaýy.
Tel.: 39-85-25, 39-85-62.