Ýaponiýanyň Tsukuby Uniwersitetinde stipendiýa hödürlenilýär (magistratura).

English
Möhleti
15.02.2020
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Tsukuby Uniwersiteti (http://www.tsukuba.ac.jp/en/) 2020-nji ýylda magistr derejesiniň Ýapon dilini öwreniş we Ýewraziýa ylmy-barlagy ugurlary boýunça okamaga arzalary kabul edýär. Bu programma Sustainable Development Goals (Durnukly ösüş maksady) bilen Orta Aziýada we Azerbeýjanda ýöriteleşdirilen.

Beýan etme

Stipendiýa Tsukuby Uniwersitetinde okuwyň töleginden, aýlyk stipendiýadan, transport töleglerinden (okuwyň dowamynda iki taraplaýyn awiapetegiň tölegi) ybarat.

Dalaşgärlere talaplar we şertler:

Raýatlyk: Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzstan, Türkmenistan, Täjigistan, Azerbeýjan.
Ýaş: dalaşgäriň dogluş senesi 2-nji aprel 1984 ýyldan soňra bolmaly.
Bilimi: dalaşgärde bakalawr derejesiniň diplomy bolmaly.
Dalaşy ýurt diliniň bilimi: dalaşgärde iňlis dilini bilýändigi barada şahadatnama bolmaly (TOEFL IBT 80, TOEFL CBT 230, TOEFLPBT 500, IELTS 6.0). Ýapon dilini bilýänler makullanarlar (JLPT N5 ýa-da ýokary).
Programmanyň başlangyjy: 1 oktýabr, 2020
Orta Aziýadan Nippon Foundation –dan talyplar üçin grantlar.

Resminamalary nädip tabşyrmaly?

Arzalary 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 15-den 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 15-ne çenli tabşyryp bilersiňiz.

Birinji tapgyr: Birinji tapgyrynda kabul ediş topary tarapyndan dalaşgärleriň içinde sowalnama boýunça saýlaw geçirýärler (PreliminaryApplicationForm). Dalaşgär bu sowalnamany doldurmaly we spca-info@ml.cc.tsukuba.ac.jp salgysyna ibermeli.

Ikinji tapgyr: dalaşgäriň ýaşaýan ýurdunda gepleşik we synag. Ikinji tapgyra geçen dalaşgärler gerekli resminamalary taýýarlamaly (resminamalaryň sanawy barada belli bolar). Resminamalaryň asyl nusgasyny gepleşigiň dowamynda tabşyrmaly ýa-da indiki salgy boýunça ibermeli:
SPJES, Special Program in Japanese and Eurasian Studies
Graduate School of Business Sciences, Humanities and Social Sciences
University of Tsukuba
Tennodai 1-1-1, Tsukuba-shi, Ibaraki-ken JAPAN
305-8571

Arzany bu sahypadan goýbermeli http://www.chiiki.tsukuba.ac.jp/spca/news-events/news-events.html#20191113