Pekin şäherindäki ylym we tehniki uniwersiteti

Möhleti
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Stipendiýa programma Pekin şäherindäki ylym we tehniki uniwersitetiniň kansleri tarapyndan döredildihttp://oice.ustb.edu.cn/en/International/Why/

Okuw Hytaý dilinde dowam edýär. Eger-de stpendiýany gazanan talyplaryň bilimi ýeterlik bolmasa, bir ýylyň içinde Hytaý dili boýunça kurs geçýärler we esasy okuwyň başlangyjynda Hytaý dilinden synag tabşyrýarlar. Eger-de stpendiýany gazanan talyplar Hytaý dili boýunça kurs geçseler, olaryň stipendiýasyny bir ýyla artdyrýarlar. Käbir kurslary talyplar iňlis dilinde okaýarlar.

Talaplar:

Dalaşgärler Hytaý Respublikasynyň raýaty bolmaly däl, sagdyn bolmaly.

  • Magistr derejesinde okamak isleýän dalaşgärler 35 ýaşa ýetmedik we bakalawr derejesi bolmaly.
  • Doktor derejesini okamak isleýänleriň magistr derejesi bolmaly, 40 ýaşa ýetmedik.

Resminamalary nädip tabşyrmaly?

Dalaşgärler aşakdaky arzalary iki nusgada tabşyrmaly:

  1. http://onlineapply.ustb.edu.cn/ sahypada registrasiýa etmeli. Sowalnamalary dolduryp tabşyryň.
  2. Sowalnamany iňlis ýa-da hytaý dilinde doldurmaly.
  3. Ýokary bilimi barada şahadatnama ( notarius bilen tassyklanan nusgasy). Işe giren dalaşgärler tassyklaýyş kepilnamany tabşyrmaly. Hytaý we iňlis dilinde bolmadyk resminamalary notarius tarapyndan tassyklanan terjimesini tabşyrmaly.
  4. Akademiki bahalar ( notarius bilen tassyklanan nusgasy): Hytaý we iňlis dilinde bolmadyk bahalary notarius bilen tassyklanan terjimesini tabşyrmaly.
  5. Iňlis ýa-da hytaý dilinde ylym we ylmy-barlag meýilnamasy, 800 sözden köp bolmaly.
  6. Hödürleniş haty: professordan ýa-da dosentdan iňlis ýa-da hytaý dilinde ýazylan hödürleniş haty ( hytaý dili kursynda we bakalawr derejesini okamak isleýän dalaşgärler mugallymyndan alnan hödürleniş haty tabşyryp bilerler).
  7. Aýdym-saz ugryndan okamak isleýän dalaşgärler diska ýazylan eserini tabşyrmaly. Çeperçilik ugrynda okamak isleýän dalaşgärler diskda öz işini tabşyrmaly ( şeýle-de iki sany eskiz, iki sany reňkli surat we başga işleri).
  8. Daşary ýurt dalaşgäriň saglyk güwänamasy (asyl nusgasy dalaşgäriň özünde galmaly). Saglygy baradaky barlaglary daşary ýurt talybyň saglygy barada hemme aýratynlyklaryndan ybarat bolmaly. Doly bolmadyk güwänamalar güýçsiz hasaplanylýalar. Saglygy baradaky barlaglar üçin aýratyn wagt aýyryň we netijeleriň möhleti 6 aýa çenli bolmaly.