“Eva-Kleinn-Scholarship” ylmy-barlagy üçin stipendiýa

Möhleti
Dereje
Möhleti
Arza göýbermek

Eva Kleinn adyna, tebigaty goraýyş alymlary, daş-töweregiň ylmy barlaglary, Russiýa Federasiýasynda, Orta Aziýada (Gazagystanda, Özbegistanda, Türkmenistanda) durnukly sebitleýin ösüşde we medeniýet arasynda kommunikasiýa ugrundan ýaş hünärmenlere stipendiýa hödürlenýär.

Talaplar

Dalaşgärler fondyň dewizine laýyk “Gorap sakla we golda” tebigy goraýyş, ekologiýa bilimi ýa-da durnukly ösüşi temanyň üstünde işlemeli.

Arzada tölegleriň takmyny bolmaly we töleg goldamanyň sebäbini düşündirmeli ( ýol tölegi, ýaşaýyş jaýy, deslaplar, neşirler we ş.m.)
Stipendiýa diňe başga finans çeşmeleri gutarsa ýa-da ýok bolsa berilýär.

Resminamalary nädip goýbermeli:

Stipendiýanyň ýyllyk elýeter jemi bir gezek ( ýeterli esaslandyryş bilen aýratyn şertlerde iki gezek) bir ýa-da birnäçe dalaşgärlere berilýär. Arzalary Maýkl Sukkowyň fondyna info@succow-stiftung.de salgysyna tabşyrmaly. Saýlaw karary bir aýyň içinde emin maslahaty tarapyndan belli bolar ( prof. Dr. Maýkl Sukkow, prof. Dr. Hans Ditter Knapp).

Stipendiýa býujetiň planynyň talaplaryna esaslanyp möhletlere bölünip berilýär. Indiki pul geçirme wagtyna çenli öňki tölegler resmileşdirilmeli.

Alty aýdan soňra gazananlar gysga rezýumeni görkezerler; gutarandan soňra proýektiň netijelerini fonda geçirmeli.