Azerbeýjan diplomatik akademiýasynda okamak üçin stipendiýa.

Möhleti
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Azerbeýjan diplomatik akademiýasy bakalawr we magistratura derejede okamak isleýän talyplara okuw töleginiň we ýaşaýyş jaýynyň tölegi üçin pul kömegi hödürleýär. Uniwersiteta kabul edilen talyplara pul kömegi elýeter bolar we her ýarym ýyllyk okuwyň bahalaryna görä stipendiýa täzelenýär.

Uniwersiteta arzany tabşyrmak üçin: https://www.ada.edu.az/en/admissions/undergraduate

Beýan etme

ADA Uniwersiteti bütindünýä liderlary taýýarlamak üçin daşary ýurt talyplara stipendiýa berip başlady.

Programmanyň maksady:
• Görüşli we ähliumumy pursatly innowasion liderlary taýynlaýyş;
• Döwlet borjuna wepalylyk, höweslendirmek we gelekdäki ösüşe kömek;
• Uniwersitetde talyp düzüminiň üýtgeşikligini götermek;
• Halkara intelektual temalaryň ösüşi;
• Azerbeýjanyň we başga döwletleriň arasyndaky aragatnaşygyň berklenmesinde kömek.

Talaplar

• Dalaşgär ADA uniwersitetine kabul edilmeli;
• Öňki iş tejribesi döwlet pudagynda bolmaly we döwlet pudagynda işlemäge höwesli bolmaly;

Stpendiýany saklamak üçin dalaşgär indiki kriteriýalary berjaý etmeli:
• Okuwyň 100% töleginden boşanmak üçin ortaça okuw bahasy 3.80 ýokary bolmaly;
• 3.50 ýokary bahaly stipendiýany gazanan halkara talyplary ýaşaýyş jaýynyň tölegi üçin pul kömegi gazanyp bilerler. Bahasy 3.50 aşak bolan talyplar ýaşaýyş jaýynyň tölegini özi tölemeli.
Okuwa kabul edilen talyplar birinji okuw ýylynda 100% tölegden boşanmaga haklary bar.

Arzalary uniwersitetiň sahypasyndan tabşyryp bilersiňiz: https://www.ada.edu.az/en/admissions/financial-aid