Wagtyňy netijeli geçirmek üçin 5 maslahat.

65
thumbnail

1. Köp işlemäň, netijeli işläň.

1914-nji ýylda Genri Ford iş wagtyny günde 8 sagada çenli azaltdy. Şeýle-de ol işgärleriniň aýlygyny iki esse göterdi.  “Ford Motor Company” kompaniýasynyň girdejisi iki esse köpeldi. Şeýdip netijeli we hilli işiň peýdasy belli boldy.

2. Ünsüňi esasy zatlara gönükdir.

Paretonyň kanuny boýunça 20% güýç 80% netijäni berýär. Işiň möçberini köpeltmän, ünsüňi esasy haýyrly netijäni berýän zatlara gönükdir. Birinji nobatda gerekli we möhüm zatlar bilen meşgullan.

3. Durnuklylygyňy ýerine getir.

Sosial mediýadan, internetda gerekmeçek gözleglerden, boş gürrüňlerden, yzygiderli filmlerden we biderek pikirlerden uzak dur. Bularyň hemmesi seniň wagtyňy alýar we wajyp zatlardan ünsiňi bölýär. Netijede, durmyşyň oňaýlylygy ýaly, netijelilik hem nola düşýär.

4. Iş prosessini kämilleşdir.

Käte biz köneçil işler bilen meşgul bolýanymyza syn edemzok.  Iş prosessini herekete getirýän we tizlendirýän awtomatlaşdyrma programmalar köp. Olar siziň wagtyňyzy aýamaga, işiňizi birnäçe esse çalt we hilli etmäge kömek ederler. 

5. Dynjyňy al we ýat.

Uky we dynç kemçilikleri sizi az peýdaly edip biler. Sizde ukylylyk, gowşaklyk, aljyraňňylyk bolar hem-de pikirlenmegiň tizligi we aňlaýyş başarjaňlylygyň peseler. Gowy ukynyň we dynjyň ýoklugy netijeliligiň peselmegine sebäp bolup biler.

Çeşme: https://www.instagram.com/p/B8Tvf2tlQxG/