Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Başlaýan wagty

Ugurlary (hünärleri)

Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: iňlis dili; nemes dili; fransuz dili; rus dili we edebiýaty; ispan dili)

Tölegli esasda okadyljak hünärmenleri taý­ýarlamagyň ugurlary we hünärleri:

1. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hü­närler: iňlis dili; rus dili we edebiýaty; arap dili; pars dili; türk dili; hytaý dili; ýapon dili; koreý dili; hindi dili; türkmen dili we edebiýaty).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa­da orta hünär bilimli, ýaşy 35­-den geçmedik raýat­ lary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsle­şik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazy­lan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta (ýa-­da orta hünär) bilim bara­ daky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der­man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, har­by bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas­ syklanan göçürmesi;
  • giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýag­ daýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy­ bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli res­ minamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga­da, okuwa girmäge isleg bildir­ ýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlik­ de resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakda­ kylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde har­ by gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artyk­maç hukukdan peýdalanýandygyny tassykla­ ýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş ka­gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek ugry:

iňlis dili; nemes dili; fransuz dili; rus dili we edebiýaty; arap dili; pars dili; türk di­li; hytaý dili hünärleri — saýlap alan hünär dili ýa­da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türk­ menistanyň taryhy;

ispan dili; ýapon dili; koreý dili; hindi di­li hünärleri — iňlis dili, türkmen dili we edebiýa­ty, Türkmenistanyň taryhy;

türkmen dili we edebiýaty hünäri — türk­ men dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenis­ tanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamala­ rynyň esasynda dilden geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça synag döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagt­da synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-­da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bil­medikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolma­ dyk iş tejribesi bolanlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyňsalgysy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 47, tel.: 34­67­17.