Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

Başlaýan wagty

Ugurlary (hünärleri)

  1. Matematika we mehanika (hünär: mate­matika).
  2. Fizika we astronomiýa (hünär: fizika).
  3. Himiýa (hünär: himiýa).
  4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
  5. Ýeri öwreniş ylymlary (hünär: geografiýa).
  6. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
  7. Bilim we pedagogika ylymlary (hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologi­ ýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).
  8. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünär­ ler: türkmen dili we edebiýaty; rus dili we edebiýa­ ty; iňlis dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).

Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:

  1. Matematika we mehanika (hünär: mate­matika).
  2. Fizika we astronomiýa (hünär: fizika).
  3. Himiýa (hünär: himiýa).
  4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
  5. Ýeri öwreniş ylymlary (hünär: geografiýa).
  6. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
  7. Bilim we pedagogika ylymlary (hünärler: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologi­ ýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).
  8. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünär­ ler: türkmen dili we edebiýaty; rus dili we edebiýa­ ty; iňlis dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-­da orta hünär bilimli, ýaşy 35-­den geçmedik raýatla­ry giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta (ýa­da orta hünär) bilim bara­ daky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der­man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas­ syklanan göçürmesi;
  • giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýag­ daýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy­ bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli res­minamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga­da, okuwa girmäge isleg bildir­ ýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlik­ de resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakda­ kylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gul­ lugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artyk­maç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş ka­ gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

fizika hünäri — fizika, matematika, Türkme­nistanyň taryhy;

matematika hünäri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

himiýa hünäri — himiýa, biologiýa, Türkme­nistanyň taryhy;

biologiýa hünäri — biologiýa, himiýa, Türk­menistanyň taryhy;

geografiýa hünäri — geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taryh hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türk­men dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýa hünäri — türkmen dili we edebiýa­ty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäri — türkmen dili we edebiýaty, matematika, Türkme­nistanyň taryhy;

türkmen dili we edebiýaty hünäri — türk­ men dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

rus dili we edebiýaty hünäri — rus dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenis­tanyň taryhy;

iňlis dili we edebiýaty hünäri — iňlis dili, türk­men dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hytaý dili we edebiýaty hünäri — hünär dili boýunça ýa­da iňlis dili, türkmen dili we edebiýa­ty, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenista­ nyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalary­ nyň esasynda geçirilýär.

Degişli diller boýunça geçirilýän dil derslerin­ den başga ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagt­da synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa­da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bil­medikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy: Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7, tel.: 3­25­50, 3­04­18.