Bäsleşik işleri KIMEP (KIRC) 2020 17-nji halkara ylmy-barlag konferensiýasy.

Möhleti
15.03.2020
Arza göýbermek

KIMEP (KIRC) 2020 17-nji halkara ylmy-barlag konferensiýasy KIMEP Uniwersitetinde 2020-nji ýylyň aprel aýynyň 17-18-ne (anna-şenbe günlerinde)  geçiriler. KIRC alymlaryň, telekeçileriň,  liderlaryň, guramalaryň, žurnalistlaryň, syýasatçylaryň arasynda pikirleriň, barlag işleriniň we tejribeleriň alyş-çalyşyna ýardam edýär.

Konferensiýasyň dili – iňlis dili.

Konferensiýasyň temasy: “Orta Aziýada we onuň daşynda ykdysadyýetiň, telekeçiligiň we jemgyýetiň meseleleri we olaryň mümkinçilikeri”.  Tema degişli bolmadyk maglumatlar hem kabul edilýäler.

Konferensiýasyň göwrümi we düzümi:

Konferensiýa ylmy işlerden, şeýle hem gepleşiklerden, diskussiýalardan we seminarlardan ybarat. Maglumatlar birnäçe ugurlardan taýýarlanarlar: buhgalteriýa hasabaty, salgyt salmak, ykdysadyýet, maliýe işleri, marketing, menejment, habar beriş ulgamy, dolandyryş, syýahatçylyk, jemgyýetçilik ylmy, ynsanperwer ylymlary, lingwistika, hukuk we ş.m.

Resminamalary iňlis dilinde tabşyrmaly.

Geljekki ýazarlaryň iki seçimi bar: doly maglumat we giňişleýin referat.

Ekspertleriň synyndan geçen doly maglumatlar aşakda bellenilen žurnalyň ýörite çykaryşynda ýer tutarlar.  Doly magumatlaryňyzy (iň köp  10 sahypa) fewral aýynyň 28-ne çenli tabşyryň.  Resenzirleme boýunça komitet hemme maglumatlary barlar. Ýazarlar olaryň jogaplaryny 2020-nji ýylyň mart aýynyň 31-ne çenli  kabul ederler.

Möhüm seneler:

15-nji mart 2020: beýan etjek prezentasiýaňyzyň annotasiýany ýa-da rezýumesini tabşyrmak üçin soňky gün.

31 mart 2020: ýazarlar kabul ediş barada  duýduryş alarlar.

10 aprel 2020: Maglumatlaryň ýa-da referatlaryň beýan etmegiň soňky güni.

Tezisler 3 sahypadan ybarat bolmaly. Akademiki barlaglaryň referatlary meseläniň  açyk kesgitlemesinden, usulyýetiň doly düşündirişinden  we doly netijelerden ybarat bolmaly. Maglumatlaryň hemmesi häsiýeti boýunça özboluşly bolmaly. Makalalarda haýsy bolsa bir görnüşde göçürme bolsa, programmadan göni çykarlar.

Töleg:

Konferensiýa gatnaşygyň tölegi ýok. Şu wagt ýol we ýaşaýyş ýeriniň tölegini tölemäge mümkinçilik ýok.

Konferensiýanyň sahypasy: www.kimep.kz/kirc

Žurnalyň ýörite çykarylyşy: Central Asia Business Journal ,  Gazak ýerli žurnaly.