Parahatçylyk we Howpsuzlyk ylmy-barlag magistr programmasyna arzalar kabul edilýär 2020/2021!

Möhleti
15.03.2020
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Parahatçylyk we howpsuzlyk syýasatynyň arasyndaky bag bilen gyzyklanýaňyzmy? Wagşy dawalaryň öňüni almak ýa-da azaltmak strategiýasy barada we alnan bilimiň netijeleri barada öwrenmek isleýäňizmi? Goşmaça bilim almak üçin ýeterlik tejribäňiz barmy?

Biziň bir ýyllyk magistr programmamyzda Parahatçylyk we Howpsuzlyk ylmy-barlag pudagynda sosial ylymlaryň gözýetimini alyp bilersiňiz. Şeýle hem,  etika, halkara hukugy, ykdysadyýet we ylym barada gepleşik geçeriler. Häzirki döwürde dünýäniň dürli döwletlerinde bolýan dawalar, parahatçylygy saklamagyň ugurlary we daşary syýasatda erkini almak barada gürrüň etmäge mümkinçiligiňiz bolar.

Ýokary okuw mekdepleriň ähli pudagynda okan uçurymlar arzalaryny tabşyryp bilerler.  Dalaşgärler parahatçylyk we howpsuzlyk bilen meşgullanmaly. Bu pudakda tejribe alanlar öňde bolarlar.

Bu programmanyň aýratynlygy onuň düzgün-tertipli gönükdirilmesi. Bu diňe Germaniýada bolmaýan başga-da akademiki guramalar bilen aragatnaşygyň saýasynda mümkin boldy. IFSH bu aragatnaşygyň bölümi bolýar.

Bu tölegsiz bilim programma Germaniýanyň Gamburg Uniwersiteti tarapyndan hödürlenilýär.

Resminamalary tabşyryş möhleti onlaýn tertibinde geçirilýär – 15-nji marta çenli!

Doly maglumat: https://ifsh.de/en/teaching/mps/applications/