Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Başlaýan wagty

Ugurlar (hünärler)

  1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe).

Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:

  1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe; sport žurnalistikasy; sa­ galdyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).
  2. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: sport desgalaryny dolandyrmak, sporty maliýe­ leşdirmek).
  3. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologi­ýa (sport psihologiýasy))

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa­da orta hünär bilimli, ýaşy 35­den geçmedik raýat­lary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsle­şik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazy­lan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anke­ta);
  • umumy orta (ýa-­da orta hünär) bilim bara­daky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der­man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, har­by bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas­syklanan göçürmesi;
  • türgeniň kämillik kitapçasy (sport, bedenter­ biýe, sport žurnalistikasy, sagaldyş işi, psihologiýa (sport psihologiýasy) hünärleri boýunça I dereje­ den pes bolmadyk), sport mekdebinden hödürna­ ma we häsiýetnama (sport ugruna okuwa girýän­ ler üçin);
  • giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýag­daýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybi­lim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatna­şan, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzala­ry, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar

Bulardan başga­da, okuwa girmäge isleg bil­dirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tab­şyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde har­by gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artyk­maç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş ka­gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

sport; bedenterbiýe; sagaldyş işi hünärle­ri — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler institutda alnyp barylýan sportuň 46 görnüşiniň birinden tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli), biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

sport žurnalistikasy hünäri — Türkmenis­ tanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jem­gyýeti öwreniş;

sport desgalaryny dolandyrmak; sporty maliýeleşdirmek; sport tehnologiýalary­ nyň tehniki üpjünçiligi hünärleri — matemati­ka, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

psihologiýa (sport psihologiýasy) hünäri – biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmtnistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenis­tanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamala­rynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilin­de geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa­da dersleriň biri boýunça synag­dan geçip bilmedikler soňky synaglara goýbe­rilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli türgenler;
  • saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
  • 2016— 2020­njy ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;
  • 2016 — 2020­njy ýyllarda sportuň görnüş­leri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy to­parlarynyň agzalary;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40, tel.: 22­65­37, 22­68­61.