Türkmen döwlet binagärlik­gurluşyk instituty

Başlaýan wagty

Ugurlar (hünärler)

  1. Binagärlik (hünärler: binagärlik; şähergur­ luşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek; binagärlik gurşawynyň dizaýny);
  2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologi­ ýalary (hünärler: senagat we raýat jaý gurlu­ şygy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy; gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalary­ ny öndürmek; köprüler we ulag tonnelleri; şäher gurluşygy; amaly geodeziýa; gozgalmaýan em­ läkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy (gurluşyk pudagynda);
  3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünärler: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary; maglumat tehnologiýalarynyň programma üp­ jünçiligi; maglumat­ölçeýiş tehnikasy we tehno­ logiýasy);
  4. Elektronika, radiotehnika we aragatna­ şyk ulgamlary (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarym geçiriji abzallar);
  5. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünär­ ler: elektrik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem­de awtomatikasy);
  6. Maşyngurluşyk (hünärler: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy; gö­ teriji­äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary; himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kär­ hanalarynyň maşynlary we apparatlary);
  7. Himiýa tehnologiýalary (hünärler: orga­niki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; ere­ mesi kyn metal däl we silikat materiallarynyň himiki tehnologiýasy; aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy);
  8. Materiallaryň tehnologiýalary (hünär: metallary basyş bilen işläp taýýarlamak).
  9. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ykdysadyýet we dolandyryş (gurluşyk pudagyn­ da); kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (durmuş, ýaşaýyş­jemagat we şäher hojalygy kärhanalarynda); logistika (gurluşyk pudagyn­ da).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa­daorta hünär bilimli, ýaşy 35-­den geçmedik raýat­lary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsle­şik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazy­lan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta (ýa­da orta hünär) bilim bara­daky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der­man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, har­by bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas­syklanan göçürmesi;

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagda­ ýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşikleriniň ýeňijileri, umu­mybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli res­minamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga­da, okuwa girmäge isleg bil­dirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tab­ şyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde har­ by gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şaha­ datnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artyk­maç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş ka­gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

binagärlik ugry boýunça — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenis­tanyň taryhy;

informatika we hasaplaýyş tehnikasy ug­ ry boýunça — fizika, matematika, Türkmenista­nyň taryhy;

elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

elektro we ýylylyk energetikasy ugry bo­ýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

maşyngurluşyk ugry boýunça — fizika, ma­tematika, Türkmenistanyň taryhy;

himiýa tehnologiýalary ugry boýunça — hi­miýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

materiallaryň tehnologiýalary ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

ykdysadyýet we dolandyryş ugry boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenista­nyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalary­ nyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilin­de geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa­da dersleriň biri boýunça synag­dan geçip bilmedikler soňky synaglara goýbe­rilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolma­ dyk önümçilik tejribesi bolanlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen döwlet binagärlik­gurluşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Baba Annanow köçesi, 136, tel.: 28­18­86, 28­18­04.