Türkmen döwlet maliýe instituty
Ugurlar (hünärler)
Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: maliýe; pul dolanyşygy we karz; salgytlar we salgyt salmak; bank işi we maliýe; ätiýaçlandyryş işi; birža işi; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; maliýe gözegçiligi; ykdysady informatika; maliýe menejmenti).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsle şik esasynda kabul edilýär. Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar .
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
- giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli res minamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başgada, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
- şahsy pasportyny;
- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça ma tematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenis tanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamala rynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýada dersleriň biri boýunça synag dan geçip bilmedikler soňky synaglara goýbe rilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
- maliýe hünärleri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
- çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, tel.: 496199, 496447.