Türkmenistanyň Daşary işler ministr­liginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Başlaýan wagty

Ugurlar (hünärler)

  1. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hü­när: halkara gatnaşyklary we diplomatiýa)
  2. Hukuk işi (hünär: halkara hukugy).
  3. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: halkara ykdysady gatnaşyklary).
  4. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat­kitaphana işi (hünär: halkara žurnalistikasy).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-­da orta hünär bilimli, ýaşy 35-­den geçmedik raýat­lary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsle­şik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazy­lan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta (ýa­da orta hünär) bilim bara­daky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der­man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, har­by bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas­syklanan göçürmesi;
  • giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýag­ daýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy­ bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli res­minamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga­da, okuwa girmäge isleg bil­dirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tab­şyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde har­by gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artyk­maç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş ka­gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çek­ýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty;

halkara ykdysady gatnaşyklary hünäri — matematika, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy;

halkara žurnalistikasy hünäri — türkmen dili we edebiýaty, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenista­nyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalary­nyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gel­medikler ýa-­da dersleriň biri boýunça synag­dan geçip bilmedikler soňky synaglara goýbe­rilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolma­dyk iş tejribesi bolanlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministr­liginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25, tel.: 22­68­50.