Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty

Başlaýan wagty

Hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary (hü­närleri):

  1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünärler: maglumat ulgamlary we tehnologiýa­ lary; programma inženerligi; kompýuter ulgamy­ nyň programma üpjünçiligi; hasaplaýyş torlary­nyň programma üpjünçiligi).
  2. Maglumat howpsuzlygy (hünärler: mag­lumat howpsuzlygy; telekommunikasiýa ulgam­ larynyň maglumat howpsuzlygy).
  3. Elektronika, radiotehnika we aragatna­ şyk ulgamlary (hünärler: aragatnaşyk torlary we kommutasiýa ulgamlary; köpkanally tele­ kommunikasiýa ulgamlary; radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe; hereketli obýekt­ler bilen aragatnaşyk serişdeleri; radioelektron ulgamlary we toplumlary; infokommunikasiýa tehnologiýalary; senagat elektronikasy; elektron howpsuzlyk ulgamlary).
  4. Maşyngurluşyk (hünär: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyryly­ şy).
  5. Ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologi­ ýalary (hünär: demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk).
  6. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş).
  7. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; lo­ gistika; biznes­informatika).

Bakalawrlary taýýarlamagyň ugry:

1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: amaly informatika).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa­-da orta hünär bilimli, ýaşy 35­-den geçmedik raýat­lary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsle­şik esasynda kabul edilýär.

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazy­lan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anke­ta);
  • umumy orta (ýa-­da orta hünär) bilim bara­daky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der­man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, har­by bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas­syklanan göçürmesi;
  • giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýag­daýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli res­ minamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga­da, okuwa girmäge isleg bil­dirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tab­şyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde har­by gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artyk­maç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş ka­gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary ähli ugurlar boýunça mate­matika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerin­den geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenis­tanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamala­rynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilin­de geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gel­medikler ýa-­da dersleriň biri boýunça synag­dan geçip bilmedikler soňky synaglara goýbe­rilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolma­dyk iş tejribesi bolanlar;
  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 13, tel.: 49­35­86, 49­44­21.