Türkmen oba hojalyk instituty

Başlaýan wagty

Ugurlar (hünärler)

  1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; agroekologiýa; gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy; tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; ýer gurluşygy we kadastry; ýyladyşhana hojalygy).

Tölegli esasda hünärmenleri taýýarla­magyň ugurlary we hünärleri:

  1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agrohimiýa we topragy öwreniş;  gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek).
  2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).
  3. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; oba hojalygynyň ykdysadyýeti).
  4. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: oba hojalygynda maglu­mat ulgamlary).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-­da orta hünär bilimli, ýaşy 35-­den geçmedik raýat­lary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsle­şik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazy­lan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anke­ta);
  • umumy orta (ýa-­da orta hünär) bilim bara­daky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der­man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, har­by bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas­syklanan göçürmesi;
  • giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýag­daýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli res­minamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga­da, okuwa girmäge isleg bil­dirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tab­şyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde har­by gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artyk­maç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş ka­gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

Oba, tokaý we balyk hojalygy (agronomçylyk; agroekologiýa; agrohimiýa we topragy öwreniş; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; ýyladyşhana hojalygy), weterinariýa we zootehniýa ugurlary — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

Oba, tokaý we balyk hojalygy (gidromeliorasiýa; gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; ýer gurluşygy we kadastry), informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugurlary – matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy

Ykdysadyýet we dolandyryş ugry – matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenis­ tanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamala­rynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilin­de geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa­da dersleriň biri boýunça synag­dan geçip bilmedikler soňky synaglara goýbe­rilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler;
  • soňky 2-­3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar

Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94, tel.: 9­33­92, 9­40­68, 9­38­65.