Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy

Başlaýan wagty

Ugurlary (hünärleri)

  1. Aýdym­saz sungaty (hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üf­lenip we kakylyp çalynýan saz gurallary; aýdym sun­gaty; bagşy; opera sungaty; hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy; sazşynaslyk; kompozisiýa; türkmen sa­zynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk; saz mugallymçylygy).

Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugur­lary we hünärleri:

  1. Aýdym­saz sungaty (hünär: estrada sungaty).

Konserwatoriýa Türkmenistanyň orta hünär saz bi­limli, ýaşy 35­den geçmedik raýatlary giriş synaglary­nyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Estrada sungaty hünäri boýunça saz bilimi çagalar sazçylyk mekdebiniň möçberinden pes bolmadyklar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

—bellenilen nusga boýunça rektoryň adyna ýa­zylan arza;

—bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

—orta (orta hünär) bilim barada resminamasynyň asyl nusgasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi­niň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçi­lik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi ha­kyndaky wagtlaýyn şahadatnamanyň nusgasy;

—Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

—soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bö­ lümden) häsiýetnama;

—3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

—işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassykla­nan göçürmesi;

—giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagda­ýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa gir­ýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenis­tanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döre­dijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňi­jileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminama­nyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga­da, okuwa girmäge isleg bildir­ýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlik­de resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakda­kylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

—şahsy pasportyny;

—Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä­hatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzla­ry üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçi­rilýär: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalyn­ýan saz gurallary hünärleri — hünäri boýunça (ýe­rine ýetirmek), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden); aýdym sungaty; opera sungaty; bagşy; saz mugallymçylygy hünärleri — hünäri boýunça (ýeri­ne ýetirmek), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy hünärle­ri — hünäri boýunça we fortepiano (ýerine ýetirmek), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkme­nistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

kompozisiýa hünäri — döreden eserleri we forte­piano (ýerine ýetirmek), solfejio we garmoniýa (ýaz­maça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

sazşynaslyk; türkmen sazynyň taryhy we na­ zaryýeti boýunça sazşynaslyk hünärleri — solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), saz guraly (ýeri­ne ýetirmek) we saz edebiýaty (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

estrada sungaty hünäri — hünäri boýunça we ýörite saz guraly (ýerine ýetirmek), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň ta­ryhy (ýazmaça we dilden).

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň, ýörite orta sazçylyk okuw mek­depleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçi­rilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synag­lary döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa­-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdar­da baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýda­ lanýarlar:

—saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

—çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 1984­nji (Puşkin) köçe, 22, tel.: 92­28­56.