Türkmen Döwlet Medeniýet Institutyny

Başlaýan wagty

Ugurlary (hünärleri)

  1. Sahna sungaty we edebiýat döredijiligi (hünärler: aktýorçylyk sungaty; yşyk bilen bezemek; drama režissurasy; telewideniýe režissurasy; drama­ turgiýa; medeni­köpçülik çärelerini guramak we goý­ mak; folklor toparyny guramak we dolandyrmak; milli tans toparyny guramak we dolandyrmak; höwesjeň aýdym­saz toparyny guramak we dolandyrmak).
  2. Kino sungaty (hünärler: ses režissurasy; tele­-kinooperatorçylyk; teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak).
  3. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat­kitaphana işi (hünärler: kitaphana işini guramak; ylmyň we tehnikanyň maglumat üpjünçiligi).
  4. Taryh we arheologiýa (hünärler: arheologiýa; iş dolandyryş we arhiw işi).
  5. Medeniýeti öwreniş we durmuş­medeni taslamalar (hünärler: medeniýeti öwreniş; muzeolo­ giýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini gora­ mak; sirk sungaty).
  6. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünär: taryhy-­etnografiki gymmatlyklary rejelemek).

Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:

  1. Sahna sungaty we edebiýat döredijiligi (hünär­ler: yşyk bilen bezemek; telewideniýe režissurasy; me­ deni­köpçülik çärelerini guramak we goýmak; höwesjeň aýdym­saz toparyny guramak we dolandyrmak).
  2. Kino sungaty (hünärler: ses režissurasy; te­leradiogepleşikleri guramak we alyp barmak; teleki­ nooperatorçylyk).
  3. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat­kitaphana işi (hünärler: kitaphana işini guramak; ylmyň we tehnikanyň maglumat üpjünçiligi).
  4. Taryh we arheologiýa (hünärler: arheologiýa; iş dolandyryş we arhiw işi).
  5. Medeniýeti öwreniş we durmuş­medeni tas­lamalar (hünärler: medeniýeti öwreniş; muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak).
  6. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünär: taryhy­etnografiki gymmatlyklary rejelemek).
  7. Serwis we syýahatçylyk (hünärler: myhman­hana işewürligi; syýahatçylyk işewürligi).
  8. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: ykdysa­ dyýet we dolandyryş (medeniýet ulgamynda)).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa­da orta hü­när bilimli, ýaşy 35­den geçmedik raýatlary giriş synagla­rynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

—bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

—bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

—umumy orta (ýa­da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilim hakyndaky wagtlaýyn şahadatnamanyň nusgasy;

—Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

—soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bö­lümden) häsiýetnama;

—3×4 möçberde sekiz sany fotosurat;

—işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassykla­nan göçürmesi;

—giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagda­ ýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa gir­ ýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýun­ça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenis­ tanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döre­dijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňi­jileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminama­nyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga­da, okuwa girmäge isleg bildir­ýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlik­de resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakda­ kylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

—şahsy pasportyny;

—Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gul­lugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullu­gy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzla­ry üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: aktýorçylyk sungaty; sirk sungaty; drama režissurasy; dramaturgiýa hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan etmek), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenista­nyň taryhy;

teleradiogepleşikleri guramak we alyp bar­mak; telewideniýe režissurasy; telekinoopera­ torçylyk hünärleri — saýlanan hünär boýunça uky­byny barlamak (ýatdan, görkezmek arkaly), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

medeni­köpçülik çärelerini guramak we goý­ mak; folklor toparyny guramak we dolandyr­mak; milli tans toparyny guramak we dolandyr­ mak; höwesjeň aýdym­saz toparyny guramak we dolandyrmak hünärleri — saýlanan hünär bo­ýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

ses režissurasy hünäri — saýlanan hünär boýun­ça ukybyny barlamak (akustika, saz ugrundan ukyby), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

yşyk bilen bezemek hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;                                                   

medeniýeti öwreniş, taryhy­etnografiki gym­matlyklary rejelemek; arheologiýa; kitaphana işini guramak; muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; iş dolandyryş we arhiw işi; ylmyň we tehnikanyň maglumat üp­ jünçiligi; myhmanhana işewürligi; syýahatçylyk işewürligi; ykdysadyýet we dolandyryş (mede­ niýet ulgamynda) hünärleri — jemgyýeti öwreniş; türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esa­ synda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dil­den geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa­da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdar­da baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýda­ lanýarlar:

—saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

—çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, tel.: 48­28­60.