Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

Başlaýan wagty

Ugurlary (hünärleri)

1.Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaş­ çylygy; teatr­dekorasion nakgaşçylygy; stanok grafi­ kasy; kitap grafikasy; heýkeltaraşlyk; dizaýn; keramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty).

2.Binagärlik (hünärler: binagärlik gurşawynyň di­zaýny; binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi).

Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugur­lary we hünärleri:

1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünär: şekillendiriş sungatynyň taryhy we teoriýasy).

Akademiýa Türkmenistanyň umumy orta ýa­da orta hünär bilimli, ýaşy 35­den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Döredijilik ugurlary boýunça okuwa girýän dalaş­ gärler kabul ediş toparyna özbaşdak ýerine ýetiren işlerini (galamda çekilen suratlar, nakgaşçylyk eser­ leri, heýkel we keramika işleri we ş.m.) tabşyrýarlar

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

—bellenilen nusga boýunça rektoryň adyna ýa­ zylan arza;

—bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

—umumy orta (ýa­da orta hünär) bilim barada­ky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Me­ deniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini ta­ mamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilim hakyndaky wagtlaýyn şahadatnama­ nyň nusgasy;

—Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

—soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bö­lümden) häsiýetnama;

—3×4 ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

—işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassykla­nan göçürmesi;

—giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsle­şiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy topa­rynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döre­dijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga­da, okuwa girmäge isleg bildir­ ýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlik­de, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakda­kylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

—şahsy pasportyny;

—Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gul­ lugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullu­ gy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artyk­maç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzla­ry üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: Monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaş­ çylygy; teatr­dekorasion nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy hünärleri — galamda adamyň göwresiniň şekilini we reňkde adamyň port­retini çekmek; berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

Heýkeltaraşlyk hünäri — galamda adamyň göwresi­niň şekilini çekmek we gipsden ýasalan adamyň palçyk­ dan portretini ýasamak; berlen temadan heýkeltaraşlyk taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

Dizaýn hünäri — galamda gipsden ýasalan ada­ myň portretini we reňkde natýurmort çekmek; berlen temadan dizaýn taslamasyny ýerine ýetirmek; Türk­menistanyň taryhy;

Keramika sungaty; zergärçilik sungaty; haly­ çylyk sungaty hünärleri — galamda gipsden ýasa­ lan adamyň portretini we reňkde natýurmort çekmek; hünär aýratynlygyna laýyklykda, berlen temadan tas­lama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

Şekillendiriş sungatyň taryhy we teoriýasy hünäri — galamda natýurmort çekmek; berlen tema­dan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy. Binagärlik gurşawynyň dizaýny; binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi hünärleri — galamda gipsden ýasalan adamyň göwresiniň şekilini we reňk­ de natýurmort çekmek; berlen çyzgynyň aksonometriýasyny düzmek; Türkmenistanyň taryhy;

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň we çeperçilik mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa­ da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artyk­ maç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

—saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribeleri bolanlar;

—çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň salgysy:

Aşgabat ş., 2022­nji (A.Nowaýy) köçe, 90, tel.: 92­56­41, 92­31­19, 92­25­08.