Türkmenistanyň Döwletenergetika Instituty

Başlaýan wagty

Ugurlary (hünärleri):

  1. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektroenergetiki ulgamlar we torlar; ýylylyk elektrik stansiýalary; se­nagat  desgalarynyň  we tehnologik top­lumlaryň elektrohereketlendirilişi hem­de awtomatikasy; elektroenergetiki ulgamlaryň rele goragy we awtomatikasy; elektrik üpjünçiligi; gazturbina desgalary we dwigatelleri; adaty däl we gaýtadan di­keldilýän energiýa çeşmeleri; elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy; ýylylyk elektrik stansiýalarynda suwuň we ýangyjyň tehnologiýasy).
  2.  Maşyngurluşyk (hünärler:  metallary  işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary; elektrik we elektromehaniki enjamlaryň tehniki ulanylyşy, hyzmat edilişi we abanylyşy; tehnologiki maşynlar we enjamlar)
  3. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; energetika pudagynda  buhgalterçilik  hasaba alnyşy we audit).       
  4. Elektronika,   radiotehnika   we aragatnaşyk  ulgamlary (hünärler: senagat elektronikasy; mikroelektronika we ýarymgeçirijili enjamlar).              
  5. Maglumat howpsuzlygy (hünär: 27-­si awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýyn üpjünçiligi).
  6. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş)

Instituta Türkmenistanyň umumy  orta ýa­da orta hünär bilimli, ýaşy 35-­den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta (ýa­da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 möçberde sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • giriş synaglaryndan üstünlikli  geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan  okuwa  girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça  döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça  halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga­da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

 — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary hünärmenleri taýýarlamagyň ähli ugurlary boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw bellenilen nusgada rektoryň adyna maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa­da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Döwletenergetika institutynyň salgysy: Mary ş., Baýram han köçesi, 62, tel.: 5­75­02, 5­75­03.